Daşkentde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň wekilýetine OST meseleleri boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew, özbek wekilýetine -- wise-premýer, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar mejlisde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijelidigini we olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem ösdürmäge täsirini bellediler. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, şeýle hem energetika, ulag we üstaşyr ýük geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmegiň meselelerine garadylar.
Oba hojalygy pudagy, hususan-da sebitde suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşylga aýratyn üns berildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň jemi boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.