15-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Nursoltanda meýdançasynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini jemlän XVII Ýewraziýa Media Forumy işe başlady.
Çäräniň garyşyk formaty oňa gatnaşýanlaryň düzümini giňeltmäge mümkinçilik berýär, oňa gazagystanly, russiýaly, özbegistanly, täjigistanly, britaniýaly bilermenler bilen bir hatarda Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.
Çäräniň maksatnamasy üç günlükdir. Şol üç günüň dowamynda çärä gatnaşýanlara tegelek stollar, kämilleşdirme sapaklary we pandemiýanyň dünýä jemgyýetçiligine täsirine bagyşlanan pikir alyşmalar garaşýar. Forumyň maksady ýurtlar arasynda berk dostlukly gatnaşyklary saklap galmak, gönüden-göni gepleşik döretmek we bolup geçýän wakalaryň esasynda Ýewraziýa KHS-niň ösüşine goldaw bermekdir.
Türkmensitanyň wekilleri türki dilli ýurtlaryň KHS-niň “Täze durmuş hakykaty şertlerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly Tegelek stol gepleşigine gatnaşýarlar.
Ozal, şu ýylyň awgustynda Hazar kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň maslahat duşuşygy geçipdi, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldi.
Şonda ýokary wezipeli myhmanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylyga, ösüşe we öňe gidişligiň bähbitlerine laýyk gelýän dürli taraplaýyn mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
«Men biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň we hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer we adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip çözüp bilmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýaryn» diýip döwlet Baştutanymyz nygtady.
BSGG we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde hereket etmek bilen, ýurdumyz lukmançylyk diplomatiýasy pudagynda ‒ lukmanlaryň hassalar bilen gönümel gatnaşygyny artdyrmakda, adamlaryň saglygyny goramakda täsirli çäreleri işläp düzmekde, howply keselleriň öňüni almakda we olar bilen göreşde ylmy-maglumat alyş-çalşygynda baý tejribe gazandy.
Täze durmuş hakykatyna uýgunlaşmak bilen, türkmen lukmanlary we galamgärleri COVID-19-a garşy sanjym geçirilýän döwründe netijeli maglumatlandyrma usullary bilen tanyşdylar. Hünärmenler üçin gysga möhletli okuwy BSGG-niň Türkmenistan edarasy gurady.
Pandemiýanyň dünýäni üýtgedendigini inkär etmek bolmaz, ýöne şunuň bilen birlikde, Nursoltanda açylan XVII Ýewraziýa Media Forumynyň wezipesi bütindünýä hyzmatdaşlygynyň täze wektorlaryny gözlemek üçin möhüm meýdança bolmakdyr. Şeýle hem forumyň meýdançalarynda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, “ýaşyl strategiýa”, toslama habarlar we pandemiýadan soňky geljege bagyşlanan iş mejlisleri geçiriler.
Swetlana Çirsowa