Ï Türkmenistan tebigy gazyň çykarylyşyny we eksportyny artdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan tebigy gazyň çykarylyşyny we eksportyny artdyrdy

view-icon 11588

2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanda çykarylan tebigy we ugurdaş gazyň möçberi 55 milliard kub metrden aşdy. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwründäkiden 10,4 milliard kub metr köpdür.

Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak köp derejede dünýä bazarlarynda “mawy ýangyja” bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Türkmenistan 31 milliard kub metr gazy ýurt daşyna çykarýardy, bu bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndakydan 8,3 milliard kub metr köpdür.

Türkmen gazynyň esasy alyjysy Hytaýdyr. Merkezi Aziýa ‒ Hytaý gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kub metr gaz akdyrylýar, onuň umumy geçirijilik ukyby bolsa 55 milliard kub metrdir. Bu energetika “şaýolunyň” işe girizilen pursadyndan bäri, Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan HHR-e harytlyk gazyň 300 milliard kub metri iberilipdir.

Eksport bilen bir hatarda ýurduň içerki bazarynda-da “mawy ýangyja” isleg artýar. Bu, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze gaz turbinaly elektrik beketleriniň we gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň, şol sanda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen şertlenendir.