Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 2968

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Prezidentiň işleri boýunça ministr bilen hem-de Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşinde, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Gazhimiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hem-de dürli maksatly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti BAE-de bolmagynyň çäklerinde “Mubadala” emirlik kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Onda nebitgaz ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek meselesine garaldy. Şeýle hem amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek barada pikir alşyldy. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Masdar” kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ylalaşyldy.

Wise-premýer Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça taslamalaryň üçüsine maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmek barada ylalaşylandygy barada hem hasabat berdi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli kompaniýasy tarapyndan önüm bilen hasaplaşmak şertinde göni maýa goýulmagyny guramak barada Ýol kartasyny öz içine alýan Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy, Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygy we oňa degişli resminamalar bar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen ýurdumyzyň iri önümçilik taslamalaryna maýa goýmak hem-de Türkmenistanda maýa goýum edarasyny döretmek boýunça degişli işleri geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny belledi. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklar, özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, täze, has ýokary derejä çykarylýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi özara eksport-import kuwwatynyň artmagyna, haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.

Milli Liderimiz döwletlerimiziň gazylyp alynýan baýlyklaryň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletlerdigi, munuň bolsa ýangyç-energetika ulgamynda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin zerur şertleri döredýändigini nygtap, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek ulgamynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalary bilen şertlendirilendir. Şol maksatnamalar bolsa ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda döwrebap senagat düzümini döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk pudagynyň we himiýa senagatynyň ösdürilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, esasy ugurlarda, hususan-da, gurluşyk serişdelerini hem-de himiýa senagatynyň önümlerini öndürmek ulgamynda gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin bar bolan ägirt uly kuwwatdan hem-de mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak milli we sebit bähbitlerini amala aşyrmak üçin wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýeriň hödürlän teklibini makullady we göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň Gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek hem-de serişde binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalaryň we guramalaryň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hereket edýän känlerde nebit guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitli we gazly meýdanlary öwrenmek ugrunda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň göwrümlerini artdyrmak boýunça ýola goýulýan hyzmatlar degişli derejede bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek barada hasabat berdi. Geljek ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky Balkan atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerini we at çapyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen abatlaýyş işlerini geçirmek we bellenilen wezipeleri 2022-nji ýylyň aprel aýynda tamamlap, çapuw ýodasyny ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýelden ýüwrük we gözelligiň, kämilligiň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň türkmen döwletiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülendigini belledi.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Şolarda milli atşynaslyk däplerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede has-da baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, atçylyk sporty we at çapyşyklary bilen meşgullanýanlaryň sany yzygiderli artýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

At çapyşyklary we milli at üstündäki oýunlar häzirki döwürde hem halkymyzyň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynda at çapyşyklaryna möhüm orun berilýär.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we geljek ýylda Balkan welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa önümçilikleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny karbamid döküni bilen diňe bir doly üpjün etmän, ony köp mukdarda eksporta hem ugradýar.

Häzirki wagtda onuň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

“Tejenkarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, onuň tehnologik enjamlarynda we desgalarynda tehniki seljerme işlerini geçirmek, zerur işleriň sanawyny ýerine ýetirmek boýunça degişli işler ýola goýulýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndüriljek goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnama baglaşmak baradaky meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmek hem-de soňra oňa garamak üçin degişli düzümlere ibermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň çäginde demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamak üçin kämilleşdirilen ýol resminamasyny ulanmak bilen baglanyşykly teklip hödürlenildi.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi we döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, demir ýol pudagynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulaglary düzümini kämilleşdirmek, demir ýol ulagynyň üpjünçilik ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümleriniň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, demir ýollar arkaly daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, oňa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze çekilen hem-de döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, daşary ýurtlardan döwletimize getirilýän ýükleri gysga hem-de amatly ýollar arkaly getirmek bilen baglanyşykly meseleler öwrenilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak giň möçberli serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Maksatnama laýyklykda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.

Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginde ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden bellidir. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we oňyn başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar önümçilige has işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we giň möçberli serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň biziň ählimiz üçin aýratyn many-mazmuna hem-de uly ähmiýete eýedigini belledi. Bu sene beýik özgertmeleriň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda şol özgertmeleriň netijelerini her ädimde görmek bolýar.

Milli Liderimiz öňümizdäki dabaralaryň maksatnamasynyň çuňňur oýlanyşykly bolmalydygyna ünsi çekip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, häzirki döwürde tutuş türkmen topragyny gurşap alan giň gerimli özgertmelere beslenen täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny beýan etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli dabaralaryň, şol sanda täze binagärlik desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, döwlet hünär bilim edaralary hakynda Düzgünnamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirmek, döwlet syýasatynyň bu möhüm ulgamdaky esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, binýatlyk ýörelgelerini kesgitlemek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligi tarapyndan degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri we bellikleri esasynda maksadalaýyk işler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, hünär bilimini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Giň gözýetimli hem-de hünär başarnyklaryny ele alan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň öňünde goýlan baş wezipeleriň biridir.

Häzir bu ulgamda geçirilýän düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, strategik milli bähbitleriň üpjün edilmegine, Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesle halkara ölçeglere gabat gelýän ýokary hilli bilim berilmeginiň Watanymyzyň nurana geljegine goýlan düýpli maýa goýumdygyny aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli, sebit hem-de ählumumy derejelerde öňe sürülýän anyk başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzda bu ulgamlarda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly amatsyz täsirleri aradan aýyrmak üçin toplumlaýyn çäreler geçirmek maksady bilen, ýörite Pudagara topar döredildi. Onuň düzümine ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri girizildi.

Türkmenistanyň Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak hemişelik esasda hereket edýän bu toparyň mejlisleriniň gün tertibinde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Häzir degişli teklipleriň we bellikleriň esasynda onuň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

Sekiz bölümden ybarat bu resminama Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Olar milli derejede kabul ediler.

Maksatnama ýurdumyzyň ýer we suw kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy ýagdaýlaryň täsirini nazara almak bilen, öňüni alyş çärelerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, bioköpdürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça hereketleriň toplumlaýyn strategiýasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Bu meseläniň diňe bir sebitde däl, eýsem, ählumumy möçberde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak, sebitiň we tutuş dünýäniň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Şunda döwletara gatnaşyklar we ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk üçin binýat bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine möhüm orun degişlidir. 2008-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda synçynyň derejesi berildi. Bu ugurda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, ýagny 2017 — 2019-njy ýyllarda BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bu başlangyjy 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” konferensiýasynda öňe sürüldi.

Häzirki döwürde Aral meselesi döwrüň ýagdaýyna we talaplaryna laýyk gelýän täze ylalaşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen kabul edilen hem-de hemişelik esasda netijeli hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny emele getirýän bu resminamada 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň jemleriniň doly goldanylýandygy beýan edilýär.

Biziň ýurdumyz durmuş-ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem Aral meselesiniň ileri tutulýan ugurlaryny oňyn çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral boýunça Milli maksatnamanyň hödürlenilen taslamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde milli Liderimiz ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, oňyn sebit we ählumumy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge anyk goşant goşjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammiti barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň şeýle forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem, döwletara derejede netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem ýardam berýändigini nygtady. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG-ä agza ýurtlaryň ählisi bilen gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dost-doganlyk häsiýetine eýedigini aýratyn belledi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyran döwlet sapary hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar toplumy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýady goýdy hem-de hyzmatdaşlyga täze many-mazmun berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Täjigistan Respublikasyna boljak sapara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara garady. Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ine, şu gün hem dünýäniň iň owadan we sazlaşykly ösýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň üstüni ýetiren Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde, paýtagtymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda täze binalaryň hatarynda durmuş we işewürlik maksatly desgalaryň gurulýandygyny bellemek gerek.

Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda Aşgabatda bina edilýän döwrebap desgalar özboluşly binagärlik çözgüdine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr.

Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ozalky münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.

Fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyza taýýarlanylan taslamalar hem-de geçirilýän degişli işler barada habar berdi. Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer, Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet we goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda işewürlik gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belläp, täze desgada gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem-de işleriň bellenilen möhletde tamamlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylmagy bilen, ozalky Döwlet münberini Işewürlik merkezine öwürmek baradaky teklibiň maksadalaýykdygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

“Buig Batiman Internasional” kompaniýasynyň wekili bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.