Ï «Türkmengeologiýa» gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin Singapuryň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmengeologiýa» gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin Singapuryň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar

view-icon 2433

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.