«Türkmen atlary» Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek üçin «Berk ýol» HJ bilen şertnama baglanyşar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Durkuny täzelemek işlerine 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we çapuw ýodasyny 2022-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.