Ï Türkmen hünärmenleri maýa bazaryny ösdürmegiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri maýa bazaryny ösdürmegiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar

view-icon 7409

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanda maýa we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça onlaýn maslahat geçirdi.

Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň, Aşgabadyň gymmatly kagyzlar bazarynyň we beýleki degişli döwlet hem döwlete dahylly däl düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň gymmatly kagyzlar bazarynyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen maýa we gymmatly kagyzlar bazaryny dolandyrmak, şeýle hem dürlüleşdirilen maýa goýumy boýunça öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar. Bilermenler, şeýle hem, bahaly kagyz söwdasynyň listiň işlemlerini we mehanizmlerini görkezdiler.

Öz gezeginde, türkmenistanlylar ýurduň maýa bazaryna syn berdiler we onuň infrastrukturasyny has-da ösdürmek boýunça mümkin bolan çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«Gowy ösen içerki maýa bazary hökümetlere we şereketlere milli walýutada uzak möhlet bilen maliýeleşdirilmek, innowasiýa gönükdirilen maýa goýumlaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär we orta synp üçin iş üpjünçiliginiň uly mümkinçilikleri bilen durnukly ösmäge ýardam edýär» diýip, öz çykyşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon Mak Gregor, maýa goýumlaryny çekmäge we hususy iş sektoryny ösdürmäge ymtylýan ýurtlar üçin ýaramly iş gurşawyny döretmegiň ähmiýetini boýun almak bilen belledi.

 Aýjahan Ataballyýewa