Ï Türkmen talyplarynyň «Dostluk» tans ansambly Kazanda geçen «Medeniýetler mozaikasy» atly VII festiwala gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň «Dostluk» tans ansambly Kazanda geçen «Medeniýetler mozaikasy» atly VII festiwala gatnaşdy

view-icon 17896

Tatarystan Respublikasynda «Medeniýetler mozaikasy» atly nobatdaky etnokonfessional festiwal geçdi. Çäräniň guramaçylary Tatarystan halklarynyň Assamleýasy we Dostluk öýi, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi we Kazan şäheriniň häkimligi Tatarystanyň paýtagtynda okaýan türkmen talyplary tarapyndan guralan «Dostluk» tans ansamblyny dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy habar berýär.

Ansamblyň artistleri “Medeniýetler mozaikasy” festiwalynyň tomaşaçylarynyň öňünde türkmen halkynyň medeni däpleriniň ruhy tejribesi we döredijilik mümkinçiligi bilen sazlaşykly birleşmesini ýüze çykarýan, milli sungatyň özboluşly nusgasy bolan «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.

“Dostluk” ansambly özboluşly türkmen halk döredijiligini indi köpden bäri Kazanda üstünlikli görkezip gelýär we birnäçe gezek milli medeniýetimizi Tatarystan Respublikasynda geçirilýän çärelerde ýokary derejede görkezdi.

Ansambla gatnaşýanlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Kazanda ýerleşen Baş konsullygynyň tans toparyna zerur bolan ähli goldawy berýändigini иуддумйкдук.

Roman Teplýakow