Ï Türkmenistana insulin dermanlarynyň birinji tapgyry getirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistana insulin dermanlarynyň birinji tapgyry getirildi

view-icon 7543

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň ýokanç däl kesellere gözegçilige ýardam etmek boýunça  bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ýurda süýji diabetini bejermekde örän möhüm derman bolan insuliniň birinji tapgyry getirildi.

Onda çalt täsir edýän «Aktrapid» we «Mikstard» insulinleri bar, BMG-nyň ÖM ýakyn wagtda ýewropaly haryt öndürijilerden insuliniň beýleki görnüşlerini-de, spris-ruçkalary, şeýle hem  iňňeleri iberer. Jemi ABŞ-nyň 1,8 million dollaryndan gowrak insulin getiriler.

« BMG-nyň ÖM  36 ýurda lukmançylyk ähmiýetli önümleri satyn almaga ýardam edýär. 2010-njy ýyldan bäri BMG-nyň ÖM Ählumumy Gaznasynyň inçekesel boýunça grantynyň çäklerinde Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy Milli maksatnama üçin lukmançylyk ähmiýetli önümleri satyn alýar.  2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýüztutmasy bilen biz beýleki ýokanç keseller üçin hem lukmançylyk  önümlerini satyn almaga ýardam edýäris» -diýip BMG-nyň ÖM-nyň Türkmenistandaky Programmalaýyn departamentiniň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň 32,8 million dollarlyk taslamasyny Türkmenistanyň Hökümeti doly maliýeleşdirýär we ol ýürek-damar, onkologiýa, endokrin, newrologýa we dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri üçin dermanlary göz öňünde tutýar.

BMG-nyň ÖM dermanlary açyk halkara bäsleşigi esasynda Köpengagendäki (Daniýa) edarasynda merkezleşdirilen görnüşde satyn alýar.

Indiki ýyl Toronto Uniwersitetiniň alymlary Frederik Banting bilen  Jon Makleodyň insulini açanyna 100 ýyl dolýar, olar bu açyş üçin fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel  baýragyna mynasyp bolupdylar. Şonuň hatyrasyna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy diabete garşy göreş boýunça Ählumumy pakty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi, ol diabetiň öňüni almak we süýji diabetli näsaglary bejermek boýunça hereketleri işjeňleşdirmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Aýjahan Ataballyýewa