Ï Oba hojalyk önümçiliginde hususy sektorlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalyk önümçiliginde hususy sektorlar

view-icon 8940

Şu ýylyň pagta ýygymyna ýurduň demirgazygynda daýhan birleşikleri bilen bir hatarda hususy düzümler-de gatnaşarlar. Olary önümçiligiň oba hojalyk sektoryna döwletiň höweslendirmesi we goldawy getiripdir.

Mysal üçin, sebitde iň iri pagta öndürijisi bolan “Alkyş alan gallaçy” daýhan hojalygy Türkmenbaşy etrabynda bu gymmatly ekini 400 gektarda ösdürip ýetişdiripdir. “Ykbal açary” hojalyk jemgyýeti-de iki ýüz gektardan öz wagtynda bol hasyl almakçy.

S. A. Nyýazow adyndaky etrapda bu gymmatbahaly çig malyň 1100 tonnadan gowragyny taýýarlamagy meýilleşdirýän J. Hudaýbergenow adyndaky geňeşlikde ýerleşen “Mähirli bakyş” daýhan hojalygy bu pagtanyň orta süýümli görnüşininiň öndürijisi hökmünde adygypdyr. Ak altynyň bol hasylyny 250 gektardan ýygnamagy pagta meýdany Şatlyk geňeşliginde ýerleşen Akmyrat Ataýewiň daýhan hojalygy-da meýilleşdirýär.

Gubadag etrabynda pagtaçylyk bilen ekin meýdany “Ýaşlyk” geňeşliginde ýerleşen “Umytly daýhan” daýhan birleşigi-de meşgullanýar.

Daşoguz welaýatynda pagta önümçiliginde iş alyp barýan şular ýaly iri telekeçilik düzümlerinden başga-da döwlet sargydyna girizilen ekini oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 99 ýyl möhleti bilen ulanylmaga bölünip berlen ýerlerinde ösdürýän hususy we ýuridik şahslayň sany-da yzygiderli artýar.

Batyr Öräýew