Arkadagyň ak ýollary abadan!

eye
5813
Arkadagyň ak ýollary abadan!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleriň, mekdep okuwçylarynyň ýol hereketleriniň düzgünlerini bilmegi we olary doly we dogry berjaý etmekleri möhümdir.

Köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak döwlet tarapyndan ileri tytylýan ugurlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilýän «Ýol hereketiniň howupsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar etrap komiteti tarapyndan tassyklanan iş meýilnama esasynda “Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý edeliň!” at bilen etrabyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän çärelerde mekdep okuwçylaryna köçelerde howpsuz hereket etmegiň kadalaryny ýatlatmak, awtoulaglaryň ýol hereketindäki gatnawy we wezipeleri bilen tanyşdyrmak bilen bagly ýagdaýla giňişleýin düşündirilýär. Indi geçirilmegi kada öwrülen bu biraýlygyň ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň uludan kiçä her biriniň ömrüniň rahatlylygynyň goraglylygyny üpjün edýändigini aýratyn bellemelidiris.

Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda edýän tagallalary üçin mähriban hem Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

Şamyrat Akmämmedow,

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň başlygy