Ï Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiň Guramaçylyk topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiň Guramaçylyk topary döredildi

view-icon 2563

Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna VI Hazar sammitini ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.