Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 2542

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, durmuş we ykdysady ulgamlarda hem-de öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmekde uly üstünliklere eýe bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz öz hatynda Ermenistan Respublikasynyň ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden begenýäris hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda kemala gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň türkmen-ermeni gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Armen Sarkisýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk we bagt, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.