Ï Kesellere durnuklylygy güýçlendirýän türkmen pissesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kesellere durnuklylygy güýçlendirýän türkmen pissesi

view-icon 9627

Güýz aýynda her bir kişiniň bedeni kesele garşy durnuklylygy berkitmäge mätäç bolýar. Howanyň üýtgemegi, sowuk howanyň täsiri we ýokanç keselleriň ýaýramagy saglyga ýaramaz täsir edýär. Sazlaşykly iýmit bilen güýzde sowuklama howpuny peseldip we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny berkidip bolar.

Iýmitde möwsümleýin ter gök-miweleriň bolmagy sepgidiň ýaramaz täsirini ýeňip geçmäge ýardam eder. Şeýle hem düzüminde kalsiý we belok bolan süýt, ýogurt, gatyk, peýnir, ýumurtga, et, towuk eti we balyk bedene haýyrly önümlerdir. Hozlar - hoz, badam, pytnyk we pisse köp kesellerde peýdalydyr. Olardan pisse barada aýratyn durup geçmekçi.

Pisse gadym döwürlerden bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Gadymy döwürlerde pisse bilen üsgülewik, ýürek bulanma, gaýtarma, içege agyrylary we bagyr keselleri berjerilipdir. Häzirki zaman lukmançylygynda pisse hozy ysgynsyzlykda, döş kesllerinde we ganazlykda ulanylýar.

Ylmy nukdaý-nazardan pisse maňzy antioksidant, antibakterial, antiwirus, sowuklama garşy, çişlere garşy, agyry azaldyjy we antidiabetik häsiýetlere eýedir.

Türkmenistanda pissäniň iki görnüşi – Bathyz pissesi we adaty pisse ösýär. Eýran bilen ABŞ pisse ýetişdirmekde dünýä liderleri bolsa-da, ýurdumyzyň günortasynda ösýän hytaýlylaryň «bagt hozy» diýip atlandyrýan pissesi hili babatda belli eýran pisselerinden pes däl.

Soňky dört ýylda türkmen hünärmenleri pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-amaly işleri alyp barýarlar. Her ýyl olaryň nahallary ekilip, ekilenlere ideg edilýär. Bathyz goraghanasynda türkmen pissesiniň tebigy iri massiwi bar.

Ýokary kaloriýaly pissäniň ýagjymak maňzynda magniý, sink, kaliý, marganes, mis, fosfor, şeýle hem B topar witaminleri ýa-da belogy siňdirmäge we ýaglary gidirmäge mümkiçilik berýän, ýagny alyş-çalyşda esasy madda -- biotin bar. Pissäniň düzüminde seleniň köp bolmagy bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, eger-de bedene agyr metallaryň duzy täsir edýän bolsa, şol element zäherlenmäniň öňüni alýar.

Pisseden aňryçäk peýda almak üçin günde 15-e golaý pisse iýiň. Çagalara ýediden köp pisse bermäň.

Swetlana Çirsowa