Ï Merkezi Aziýa — milli tagamlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa — milli tagamlar

view-icon 20046
Merkezi Aziýa — milli tagamlar

Aziýanyň milli tagamlary dürli-dürlüdir, eýsem-de bolsa, olaryň özara meňzeşligi-de bardyr. Mysal üçin, bu sebitiň ähli ýurdunda tüwüdir gök önüm giňden ulanylýar. Aziýa naharlarynyň ählisini-de agzynyň tagamyny bilýänleriň mynasyp baha bermegine görä, datly tagamdyr hoşboý ys hem hoşmaza goşundylar tapawutlandyrýarlar.

Özbek tagamlarynyň görnüş taýdan köpdürlüligi gadymy özbek şäherleriniň uly söwda ýollarynyň çatryklarynda amatly şertlerde ýerleşmeginiň netijesi bolup, türk we pars aşhana medeniýetiniň ýetiren täsiridir. Şu hadysa sebäpli özbek tagamlarynyň görnüşleri hem-de taýýarlanyş usullary boýunça köpdürlüdir. Naharlaryň taýýarlanyş usullary çylşyrymlydyr we elde taýýarlanylýar. Bu bolsa köpýyllyk tejribäni we aşpezlik ussatlygyny talap edýär. Onlarça we ýüzlerçe kilogram tüwüden palaw bişirmek aýratyn hünär ussatlygyny talap edýär.

Gazagystanyň çarwa saçagy ozalbaşdan et bilen baýtal süýt önümlerine baý bolup, çarwa aşhanasynyň tagamlarynyň esasyny tutupdyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu sebite rus aşhanasy uly täsir ýetiripdir, şol sebäpden Gazagystanyň demirgazyk çäklerine rus halkyna mahsus bolan tagamlar köp ýaýrapdyr.

Gazak desterhanyna goýun we at eti mahsusdyr. Däp bolan içgileri çaý, gymyz we şubatdyr. Bu ýerde çörek asla iýilmeýär diýen ýaly. Onuň ornuny baursakdyr çapady tutýar.

Gyrgyz tagamlarynyň tapawutly häsiýeti olaryň tas ählisiniň diýen ýaly diňe täze önümlerden taýýarlanýandygyndandyr, olaryň nahary öňünden taýýarlap goýýan wagtlary gaty seýrek bolýar.

Meşhur gyrgyz tagamlaryna aýran bilen berilýän mastawa ‒ gök önümli tüwi çorbasy we aýwadyr zirkli palaw degişlidir. Respublikanyň günortasyna tagam taýýarlamak işinde özbekleriň aşpezlk usuly öz täsirini ýetiripdir.

Täjikleriň milli tagamlaryny taýýarlamak tejribesinde-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her bir halkynynda bolşy ýaly, özüne mahsus aýratynlygy bar. Onuň esasyny etli tagamlar düzýär, ýöne bu ýerde gazakdyr gyrgyz tagamlaryndan tapawutlylykda gök önümlerdir datly goşundylary has köp ulanýarlar.

Iň meşhur täjik naharlarynyň biri-de moşkiçiridir, ýagny mäş bilen tüwüli şüle. Myhmana gyzgyn berilýän fatirmaska-da ilhalar nahardyr. Bu uly kersende saryýaga ezilip, susak bilen garylan ownuk dogralan çörekdir. Bu ýagly nahary iýmek ýakymly bolar ýaly, onuň üstünde arassalanan gawun bölejigini ýa üzüm dänelerini goýýarlar.

Türkmenlerde her naharyň hususy taýýarlanyş usuly bolsa-da, türkmen milli tagamlary tehnologiýasy we ulanylýan önümleri boýunça beýleki Orta Aziýa halklarynyňka örän golaýdyr. Milli aşpezlik sungatynyň görnüşleriniň ählisi-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyza gowşan “Bereketli türkmen saçagy” kitabynda beýan edilendir. Döwlet ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen aşpezlik sungaty asyrlaryň dowamynda emele gelipdir.

Milli desterhan türkmeniň medeniýetiniň iň möhüm binýatlarynyň biridir, onda taýsyz halk däp-dsessurlary we urp-adatlary öz beýanyny tapypdyr.

Içlekli, dürli huruşly gutaplar, islendik toý-baýramyň iň esasy nahary bolan hoşboý ysly türkmen palawy iň ilhalar tagamlardandyr. Mundan başga-da, noýbaly çorba we elin bişirilen unaş-da bar. Bu gyzyl burçly, goýy, gyzgyn nahardyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aşpezlik sungatynyň iň gowy nusgalary 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda gojaman Hazaryň şypaly kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynda hem görkezildi. 

Roman Teplýakow