Ï Türkmenistan we BMG-niň Ösüş maksatnamasy pandemiýa taýýarlygy ýokarlandyrmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş maksatnamasy pandemiýa taýýarlygy ýokarlandyrmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler

view-icon 4667

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi « COVID-19 ýokanjyna seslenmek» taslamasyny durmuşa geçirmek maksadyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýurduň pandemiýa taýýarlygyny güýçlendirmek boýunça ylalaşyga gol çekdi.

Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirýän taslamasy keseli barlamakda we bejermekde, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmakda, şeýle hem reagentleri, dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almakda milli mümkinçiligi pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Ol ýokanç kesellere gözegçiligi amala aşyrmaga öňdebaryjy sanly çözgütleri ornaşdyrmaga, pandemiýa bilen bagly durmuş töwekgelçiliklerini aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Taslama şeýle hem BMG-niň Türkmenistandky agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmagy goldar.

Taslama uzak möhletleýin geljekde pandemiýa netijeli seslenmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilendir.

Aýjahan Ataballyýewa