Saud Arabystany Patyşalygy TOPH gaz geçirijisini goldaýar

eye
13475
Saud Arabystany Patyşalygy TOPH gaz geçirijisini goldaýar

Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny goldaýar. Bu barada Patyşalygyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd Saud Arabystany Patyşalygynyň yglan edilen güni mynasybetli Aşgabatda «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çykyş edende mälim etdi.

«Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň ählumumy energetik durnuklylygy we energiýa gorlarynyň TOPH ýaly iri taslamalar arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmakda köpdürliligiň möhümligi baradaky garaýyşlaryna şärikdir» diýip, diplomat belledi.

«Saud Arabystany Patyşalygy bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär we bu taslamany goldaýar, çünki ol ykdysady we jemyýetiň ösüşine ygtybarly täsir eder», diýip, Ilçi çykyşynda nygtady.

Umumy uzynlygy 1814 kilometr, ýyllyk kuwwaty 30 milard kub metr bolan TOPH gaz geçirijisisniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyzda başlandy. Taslama Russiýa Federasiýasy, ABŞ we dünýäniň birnäçe beýleki döwletleri, şeýle hem halkara maliýe edaralary, şol sanda, Aziýa ösüş banky tarapyndan makullandy.