Ï «Nebit-gaz» gazeti 10 ýyllyk ýubileýini belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nebit-gaz» gazeti 10 ýyllyk ýubileýini belledi

view-icon 3710

Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň «Nebit-gaz» gazeti döredileniniň 10 ýyllygyny belledi. Pudaklaýyn neşiriň ilkinji sany 2011-nji ýylyň sentýabrynda çap edilipdi.

Gazet şu döwürde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan etdi, nebit-gaz pudagynyň täzelikleri we taslamalary, şeýle hem ýurtda hem-de dünýäde bolup geçýän wakalar barada gürrüň berdi.

Türkmen KHS-inde çalt depginde ösdürilýän sanly ulgam neşiriň köpsanly okyjylaryna gazetiň täze sanyny elektron görnüşde hem okamaga mümkinçilik berdi. Indi «Nebit-gaz» gazetiniň resmi saýtyny PDF görnüşinde ýükläp alyp bolaýar.

Gazetiň redaksiýasynyň her ýyl geçirýän döredijilik bäsleşikleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

Şu ýylyň ýanwarynda nebit-gaz toplumynyň işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynyň häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýän makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň bäsleşigi geçirilip, olar gazetiň sahypasynda yzygiderli çap edildi.

Golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem gazetiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy.

TNGZT, Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň we «Nebit-gaz» gazetiniň guran çäresine ýurduň nebit-gaz pudagynyň wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşikde «Nebit-gaz» gazetiniň web-saýtynyň uly hünärmeni Penji Hudaýgulyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy hünärmeni Güller Orazowa, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Seýilbaý Sopyýew ýeňiji boldular.

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň esasy hünärmeni Mähri Mämmedowa, «Türkmengaz» DK-nyň guýulary burawlamak boýunça laboratoriýasynyň inženeri Merdan Durdyýew, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Myratmuhammet Myradow ikinji orna mynasyp boldular.

Üçünji orna «Nebit-gaz» gazetiniň sahypalaýjysy Ata Ataýew, «Türkmengaz» DK-nyň tebigy gaz YBI-nyň uly ylmy işgäri Orazsähet Baýramow, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri Eziz Annataganow dagy mynasyp boldular.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti bäsleşigiň ýeňijilerini gutlaýar we «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň işgärlerine geljekde-de üstünlikler arzuw edýär.

Swetlana Çirsowa