Ï Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy

view-icon 4338
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy
Halkara fotosuratlar bäsleşigi başlandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Aşgabadyň «Ферула» («Çomuç») fotokluby «Ферула 2021» Halkara II fotosuratlar bäsleşiginiň başlanandygyny yglan etdi.

Fotografiýalar dünýäsindäki bu möhüm çäre ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Fotografiýa Sungaty Halkara Federasiýasynyň (FIAP), Amerikanyň fotografiýa jemgyýetiniň (PSA), şeýle hem IS internasional klubunyň howandarlygynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin www.isalons.net saýtda hasaba alynmaly.

«Reňkli erkin fotosurat», «Ak-gara erkin fotosurat», «Adamlar we olaryň duýgulary», «Dünýä şäherleri» ugurlaryndan fotosuratlar kabul edilýär.

Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda 20-nji oktýabrda yglan ediler. II türkmen Halkara fotosuratlar bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň 40-syndan suratçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Oňa gatnaşýanlar FIAP, PSA, IS guramalarynyň we «Ферула» klubunyň altyn, kümüş we bürünç medallary ugrunda bäsleşerler.

Işlere halkara guramalaryna agza bolan tanymal suratçylar baha bererler. Bu gezek eminler toparynyň hatarynda Waleriý Korençuk (Gazagystan), Sergeý Anisimow (Russiýa), Wýaçeslaw Sarkisýan (Türkmenistan) bar.

Türkmenistanda geçirilýän Halkara fotosuratlar bäsleşigine gatnaşmaga dünýä ýurtlarynyň 20-siniň wekilleri isleg bildirdiler. Bäsleşigiň guramaçylarynyň elektron poçtasyna eýýäm Angliýadan, Awstraliýadan, Bolgariýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Hindistandan, Italiýadan, ABŞ-dan, Ukrainadan, Russiýa Federasiýasyndan, Makaodan, Çiliden we beýleki ýurtlardan bäsleşige isleg bildirýänlerden işler gelip gowuşdy.

Geçen ýylky «Ферула 2020» bäsleşigine  38  ýurtdan  4738 iş gelipdi. Türkmenistandan  11 talapnama,  112  fotosurat gatnaşyp, uly üstünlik gazanypdy. Awtorlarymyzyň sekizisi aýgytlaýjy tapgyra çykyp, 3 medal we  4 baýrak - FIAP, РSA, IS guramalarynyň hormatly lentasyny alypdy. Öňki ýyl Aşgabadyň «Ферула» fotoklubynyň agzalary Türkiýede, Hindistanda, Russiýada, BAE-de, Gruziýada, Awstriýada, Hytaýda geçirilen fotosalonlara gatnaşypdylar.

Türkmenistandan bäsleşige gatnaşýanlar «Ферула 2021» Halkara II fotosuratlar bäslşeigi barada anyk maglumat üçin +993 12 92-51-64 telefona jaň edip bilerler.

Swetlana Çirsowa