Ï Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi

view-icon 2276

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.