Ï Kerwenbaşylaryň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kerwenbaşylaryň baýramy

view-icon 5866

Dünýä 24-nji sentýabrda kerwenbaşylar baýramyny belleýär. Bu babatda internetde kimdir biri degşip, şeýle baýram girizmegi teklip edipdir diýen pikir bar. Näme bolanda-da, 26 ýyl mundan ozal ulag-ýük amallaryny düzgünleşdirmek boýunça halkara assosiasiýasy (ICHCA) ony kanunlaşdyrypdyr.

Täze baýramy ýük daşaýjylar goldapdyrlar. Häzirki döwürde kerwenbaşylar — ulag kerwenlerine gatnaşýan, uzak aralyga ýük daşaýan, söwda we eskort gämileriniň baştutanlary ozal hünär baýramy bolmadyk hünärmenlerdir.

Bu baýram 1564-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda britaniýaly deňiz syýahatçysy we nawigatory Adam Uilýamsyň doglan güni mynasybetli döredilipdir diýen pikirem bar.

«Kerwen» sözi atlara we inerlere ýük ýükläp, köplenç uzak ýola çykýan adamlary aňladýar. Gadym döwürlerde täjirler birek-birege ýardam etmek üçin kerwene goşulyşyp ýola düşüpdirler. Hytaý bilen Ýewropany birleşdiren, häzirki Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň we Gresiýanyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly kerwen ýollarynyň iň meşhurydyr. Miladynyň 121-nji ýylynda ýüki ýüpek we bürünç bolan ilkinji düýe kerweni ýola düşüpdir diýip çak edilýär. Ýolagçylyk ýol geçmek diňe Hytaýyň Sian welaýatyndan tä Hazara çenli bir ýyldanam köpe çekipdir.

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň weterany, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Gurban Saparow kerwende iner bolmagynyň sebäbini şeýle düşündirýär:

— Bu, ozaly bilen, kerwen ýollarynyň suwsyz-sölsüz çöl we düzlük ýerlerden ybaratdygy sebäplidir. Düýe mallarynyň içinde iner ýüke werzişligi we uzak ýola gidende-de köp wagtlap suwsyzlyga çydamlylygy üçin ulanylypdyr. Käbir kewende 500 töweregi iner bolupdyr, olaryň ýüki ýelkenli gämileriň birnäçesine ýetjek ekeni.

Şeýlelik-de esasy zat kerwenbaşa bagly bolupdyr. Kerwenbaşy ýola belet bolup,, haýwanlaryň tabyny gowy bilmeli adam bolupdyr.

Kerwenbaşy hat-habar hem gatnadypdyr. Belli bir ýere ýetende ýolundan sowulman, hat-habary eltmeli ýerine çapar ýollapdyr.

Kerwen ýoly ençeme ýurtlaryň çäginden geçmeli bolansoň, kerwenbaşy ençeme dili bilmäge borçly bolup, kerweniň tizligini kesgitlemäge-de ökde bolupdyr. Galyberse-de, kerwende her ineri, häsiýetine görä ýerbe-ýer goýmagy başarypdyr, kerwene arwana we inen mallar alynmandyr.

Arheologlar baryp miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda-da iner bilen ýük daşalandygyny subut edipdirler. Düýe malynyň içinde iner yssa, gurak howa gowy uýgunlaşan jandar.

Häzirki döwürde-de käbir ýurtlaryň kerwen ýollarynda kerwenleriň esasy ulaglarynyň inerlerden ybarat bolýan ýerleri bar. Şu sebäpli hem kerwenbaşylar baýramy ýük daşaýjylaryň ählisini birleşdirýän gadymy hem döwrebap baýramdyr.

 «AA»-nyň habarçysy