Soltan Jelaletdin — Watan buýsanjy

eye
10241
Soltan Jelaletdin — Watan buýsanjy

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Soltan Jelaletdin — Watanyň buýsanjy» pýesasyna esaslanyp, Baş drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan döredilen taryhy drama, ýurt garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna özboluşly sowgady boldy.

— Jelaletdin Meňburun mowzugyny saýlap almagymyň sebäbi, bu gahrymanyň dünýäden ötenine 800 ýyl geçenem bolsa, ruhunyň henizem aramyzda ýaşamagydyr — diýip, dramaturg belleýär. — Eseriň üstünde işlän wagtym, men bilgeşleýin Jelaletdin baradaky taryhy maglumatlara uýman, halk tarapyndan döredilen rowaýatlaryň birini esas edip aldym. Jelaletdin soltan Çingiz hana garşy durmagy başaran ýeke-täk harby serkerde hökmünde taryha girdi. Hut şu hakykaty-da režissýor Eziz Işangulýew spektaklyň girişi edip aldy: dergazap bolan ganymlar hiç hili päsgelçilige duçar bolmazdan, öňlerinden çykan şäherlerdir olaryň ilatyny syryp-süpürip alyp gidäýrler. Diňe gorky-ürküni bilmeýän, garadangaýtmaz Jelaletdin gylyjyny syryp, bu ýowa garşy söweşe çykýar.

Bu özüne çekiji giriş tomaşaçyny mongol-tatar basybalyjylarynyň wagşylygyndan gan dökülen şol pajygaly ýyllara alyp gidýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal Jelaletdin adatyň garşysyna gidip, öz söýen gyzyna öýlenipdir, bu pursatdan peýdalanan Türkan hatyn Horezmiň şasy Muhammedi, bada-bat öz agtygyna garşy öjükdirýär. Hökümdarlygy söýýän, häsiýeti dikdüşdi garry ene, Jelaletdin Muhammediň mirasdüşer ogly bolsa-da, onuň tagta çykmagyna päsgel beripdir.

Jelaletdin Meňburun çagalykdan söweş sungatynda uly ussatlyk görkezýär. Şonuň üçin Çingiz hanyň ýetip gelýän goşuny barada habar gelende, Horezm şa şalygy goramagy Jelaletdine ynanýär. Jelaletdin söweşde gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezýär. Çingiz han ilkinji gezek atly goşunyň zarbyna döz gelip, ony yza serpikdirmäge ukyply garşydaşa sezewar bolýar.

Şeýle-de bolsa, Türkan Hatyn bilen göze gelmeýän agtygynyň arasyndaky gapma-garşylyk, Muhammet şanyň Horezm şalygyny goraýan Jelaletdini serkerdelikden boşatmagyna sebäp bolýar. Bu Muhammet şanyň iň uly ýalňyşydy. Eýsem-de bolsa, ol jan bermeziniň öňisyrasynda, Horezmiň şalyk titulyny Jelaletdine berýär. Wakalaryň şondan soň nähili ýaýbaňlanjakdygyny tomaşaçylar spektakly görenden soň bilerler. Biz bolsa, Muhammet şanyň türkmen aýalyndan doglan bu gahrymanyň jeň meýdanyndaky söweş hereketlerini synlan Çingiz hanyň aýdan sözlerini getireliň: «Eger Jalaletdin meniň dördünji oglum bolan bolsady, bütin dünýäni basyp alardym».

Jelaletdiniň keşbini döretmek Begenç Garlyýewiň, Çingiz hanyň keşbini döretmek bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Durdiýewiň paýyna düşdi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi Abdyrahmanowa Türkan hatynyň keşbini üstünlikli ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksat Hydyrow Horezm şasy Muhammediň çylşyrymly keşbini döretdi. Jelaletdiniň wepadar aýalyny Dilşat Meläýewa sahnada janlandyrdy.

XIII asyryň başyndaky Horezm, şol döwrde ýaşan ilatyň kaşaň lybaslary, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan halkymyzyň rowaýatlary, gahrymanyň başdan geçiren unudylmajak wakalary teatryň sahnasyndaky täsirleriň has ygtybarly bolmagyna goşant goşdy.

Tamara Glazunowa
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow