Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

eye
3515
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ynsanperwerlik ugry ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak, kepillendirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly taryhy çykyşynda: «Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir» diýip bellemegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda migrasiýa syýasatynyň üýtgewsiz möhüm ugur hökmünde saklanýandygyny aýdyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistanyň şu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki dabaranyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar apatridleriň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine berilýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.

Munuň özi eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda çuňňur many-mazmuna eýedir. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan edildi.

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna önjeýli goşant goşup, bu ugurda taslamalary we maksatnamalary amala aşyrýar. BMG-niň esasy halkara-hukuk resminamalaryna — “Bosgunlaryň statusy hakynda”, “Apatridleriň statusy hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalara goşulmak bilen, döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2024-nji ýyla çenli döwür üçin hereketleriň milli meýilnamasy” yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” täze Kanun güýje girdi. Ol ene-atasynyň derejesine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagyny kepillendirýär.

Şeýlelikde, şu günki waka ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän sebit we dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlaryny ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Suratçy: Wýaçeslaw Sarkisyan