Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ç.T.Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda Permany

view-icon 2994

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.