Ï Awtobuslar - ulag düzümleriniň möhüm bölegidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awtobuslar - ulag düzümleriniň möhüm bölegidir

view-icon 5817

Türkmenistanda awtomobil ulagy – halk hojalygynyň wajyp pudaklarynyň biridir. Desgalaryň, edara-kärhanalaryň, oba-şäherleriň işiniň gidişi köp babatda olaryň ygtybarly we takyk işine baglydyr.

Şäher awtobuslary ýaly köpçülik ulaglary sebitiň umumy ykdysady ösüşiniň we şäher awtoulaglarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň derejesini görkezýär.

Aşgabatda Mercedes, Hundai, Iran Hodro, Folkswagen beýleki belli kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň awtobuslary ýolagçylary bökdençsiz gatnatmakda ulanylýar. Şeýle hem paýtagtymyzda taksiler, tabşyryk boýunça işleýän awtobuslar we beýleki ulag serişdeleri ilata hyzmat edýärler.

Häzirki wagtda Aşgabadyň ulag kärhanasynyň hünärmenleri ýolagçylara oňaýly şertleri döretmek üçin internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp hyzmatlaryň täze görnüşlerini taýýarlaýar we önümçilgie ornaşdyrýarlar. Indi, meselem, sürüjilere ýörüte ştrih-kod bilen üpjün edilen ugur ýollanmalary berilýär. Şunda awtobuslaryň hereketi we ugurlary ýörüte web-saýtda görkeziler, bu bolsa ýolagçy akymlarynyň üýtgeýşine görä ony üýtgetmäge mümkinçilik berer.

Galyberse-de, kärhana ýolagçylara ýeňillikler berýär. Uruş weteranlary we olara barabarlaşdyrylan beýleki uruş weteranlary, urşa gatnaşanlaryň yzynda galan aýallary, saglyk ýagdaýy zerarly I we II topar maýyplary, şeýle hem 7 ýaşa çenli çagalar üçin ulag hyzmatlary mugtdyr. Mundan başga-da, pensionerler we mekdep okuwçylary üçin bir aýlyk ýeňillikli ýol petekleri bar.

Şäherara awtobuslaryna internet üsti bilen petek alyp bolýar.

-Müşderi menýudan gitjek ugruny saýlaýar, öz telefon belgisini görkezýär, ulgamyň talap edýän hukuk salgysyny we bank maglumatlaryny girizýär. Töleg geçen soň ýolagçy awtobusa elektron petek alýar. Elektron petegi «Halkbankyň» töleg ulgamyndan peýdalanyp, smartfon ýa-da hususy kompýuter arkaly alyp bolýar- diýip ýolagçy ulag kärhanasynyň nanotehnologiýalar bölüminiň işgäri G. Ballyýewa gürrüň berýär.

«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň web-saýty öz sahypalarynda awtobus ugurlaryndaky üýtgetmeler we täzelikelr barada habarlary yzygiderli ýerlşedirýär. Mysal üçin, golaýda 66 belgili «Bekrewe-Garadamak» we 90 belgili «Bagyr-Teke bazar» ugurlary girizildi.

Ýolagçylar akymynyň artmagy, täzeden-täze ugurlaryň açylmagy şäherlerde ekologiýa arassalagyny saklamagy talap edýär. Munuň üçin häkimýetler geljekde elektrobuslary satyn almagy göz öňünde tutýar.

Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly «Türkmenawtoulaglary» Agentligi hem işgärleri taýýarlamaga-da uly üns berýär. Şunda fakultetleriniň sekizisinde köp ugurlar boýunça hünärmenlerri taýýarlaýan milli ulag we aragatnaşyk instituty uly ýardam berýär.

Ulalýan ulag hojalygyna hünärli sürüjiler hem gerek. Ulag hojalygynyň hünärmenleri munuň üçin mahabat agentliklerinden, KHS-den peýdalanýarlar. Häzirkizaman awtobuslarynda işlemek üçin «D» derejeli sürüjiler işe alynýar. Çünki köp gatnawly şäher hereketi aýratyn taýýarlygy talap edýär. Aşgabadyň ulag kärhanasy ýurduň ähli künjeklerinden sürüjileri işe kabul edýär, olara iş üçin zerur şertler döredilýär. Ulag kärhanasynda işlemek isleýänler paýtagtymyzda A. Nyýazow köçesiniň 424-nji jaýyna (telefonlary: 70-77-24, 55-38-32) ýüz tutup bilerler.

«AA»nyň habarçysy