Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihananowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihananowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

view-icon 3426

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.