Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Işewüriň belleýşi ýaly, halkara jemgyýetçilik durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýäde giň goldawdan peýdalanýar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin işewüre minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany hem-de Türkiýäni taryhyň jümmüşine uzap gidýän dost-doganlygyň berk gatnaşyklarynyň, ruhy-medeni däpleriniň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şunda türk kompaniýalary bilen netijeli işewürligiň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelen uly baýram bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny mundan beýläk-de örän jogapkärli ýerine ýetirip, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ykdysady kuwwaty has-da artdyrmaga we Türkmenistany gülledip ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna ynandyrdy.