Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

view-icon 9253

Şu gün agzybir we jebis türkmen halky parahatçylyk, ylalaşyk we ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi.

Täze taryhy döwrüň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän umumymilli dabaralar tutuş ýurdumyzda geçirildi. Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň, şeýle-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de oňyn, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň netijesi bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar olaryň kesgitleýji ýörelgesine öwrüldi.

Ýubileý — bu hemişe aýratyn sene bolup, ol geçilen uly ýoluň netijelerini jemlemäge hem-de geljege dykgat bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary, açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyna, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine hem-de ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine ygrarlydygyna şaýatlyk etdi.

Milli Liderimiz mejlisde çykyş edip, Garaşsyzlygyň ata Watanymyzyň täze taryhynyň başyny başlandygyny, biziň ähli üstünliklerimiziň we gazananlarymyzyň esasyna öwrülendigini aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, gysga taryhy döwrüň içinde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esasy döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi.

Deňi-taýy bolmadyk özgertmelere beslenen gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda okgunly özgerýär. Bu gün türkmenistanlylar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Watanymyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň şaýatlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olara gönüden-göni gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu şanly ýyl Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze, şöhratly sahypalary ýazdy.

Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramçylygynyň şanyna binagärlik-gurluşyk açylyşlary, şeýle hem ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe möhüm çäreler geçirildi. Olar özygtyýarly ösüşiň geçen 30 ýylynda döwletimiziň durmuşynda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleriň taryhy ähmiýetini halkara bileleşige açyp görkezmegi ugur edindi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär, özi-de bu serişdeleriň 60 göterimden gowragy senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. «Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem sebitlerde täze obalaryň we şäherçeleriň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.

Şu ýylyň diňe ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap senagat, durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berildi, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.

Şonuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi has-da kämilleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, ähmiýeti uly bolan täze, möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn daşary syýasy ugry öz miwelerini berýär.

Milli Liderimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Bularyň hemmesi türkmenistanlylaryň kalbyny eziz Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyndan dolduryp, özygtyýarly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin ylham-joşgun berýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda açylan, baýramçylyk lybasynda belent mertebeli myhmanlary garşylan Döwlet münberiniň toplumy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Ozal habar berlişi ýaly, bu uly şatlygy türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin Aşgabat şäherine daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan — Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow geldiler.

...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň ähli görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Köpetdag şaýolunyň ugry bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny göterip barýan Hormat garawulynyň atlylar toparynyň ugratmagynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna dabaraly ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.

Milli Liderimiziň awtoulagy münberiň täze toplumynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýarlygy hakynda hasabat berýär.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby ýörişe gatnaşýan goşunlaryň öňünden awtoulagly geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdanyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:

— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!

— Saglygyňyzy isleýäris, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler agzybirlik bilen jogap berýärler.

Soňra milli Liderimiz ýene-de dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlendi:

— Hormatly Watan goragçylary, sizi şanly baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn!

Esgerler we serkerdeler Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip üç gezek jogap berýärler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet münberine çykýar.

Şol wagt dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm:

— Belent Serkerdebaşymyza şöhrat! — diýip seslenýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde dabaraly saz ýaňlanýar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Şol pursatda paraşutçylaryň topary asmandan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen meýdança gelip düşýär. Ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny wasp edýän goşgy setirleri okalýar. Hormat garawulynyň harby gullukçylary nyzam bilen baýdak sütüniniň ýanyna barýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň nyşany — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe başlamaga rugsat berýär.

Dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip, bäş gezek jogap berýär.

Meýdanda nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Bu gün olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, Watan goragçylary diýen belent ady buýsanç bilen göterýärler.

Döwletimiz türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň ygtybarly daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, olar üçin döwrebap, ýörite tehnikalar satyn alynýar.

Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmek, şol sanda täze nusgadaky harby şäherçeleri we serhet birikmelerini, Watan goragçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak degişli ugurda geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmen harbylary döwletimiziň aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Şunda milli Ýaragly Güýçleriň tutuş kuwwatynyň parahatçylyga we diňe parahatçylyga gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Ata Watanymyzyň taryhynyň ähli döwürlerinde Tuga mukaddeslik hökmünde garalyp gelindi. Hormat garawulynyň Aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.

Watançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy eýe bolan häsiýetleridir. Watana wepalylygyň, ýurdy goramagyň, gahrymançylygyň hemişelik nusgalaryny döreden şöhratly ata-babalarymyzyň şu günki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Türkmen esgerleri döwrebap tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, nazary we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.

Münberiň öňünden dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.

Baýramçylyk meýdançasyna zenan harby gullukçylary çykýarlar, olar ene topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny saklamaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.

Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin goraýarlar.

Harby ýörişe ilkinji gezek Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary gatnaşýarlar.

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, degişli bilim we ylym derejesini ösdürmek, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş esgerleri Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda harby bilimiň bir bitewi ulgamy döredildi.

Harby düzümleriň okuw mekdeplerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala gelýär. Şolarda bilim bermegiň hiline we netijeliligine, hünär, ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap harby tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmak endigine aýratyn üns berilýär. Umuman, türkmen goşunynyň geljegi ygtybarly ellerdedir.

Döwlet münberiniň öňünden Harby institutyň harby talyplary — geljekki motoatyjylar we tankçylar — söweşjeň we nazary taýýarlygyň ussatlary geçýär.

Meýdançadan Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary geçýärler. Birnäçe ýyldan olar — geljekki serkerdeler ata Watanymyzyň deňiz çäklerini gorarlar.

Olaryň yzysüre Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Serhet institutynyň talyplary geçýärler.

Döwlet münberiniň öňünden motoatyjy esgerler dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň iň gowy wekilleri: edermen harby uçarmanlar, artilleriýaçylar, asmana atyjylar harby ýörişiň hatarlary bilen barýar. Olaryň hemmesi berkarar Watanymyzyň hakyky buýsanjy, mizemez galkany bolup durýar.

Soňra meýdan boýunça Inžener we Tank goşunlarynyň harby gullukçylarynyň batalýony geçýär.

Olaryň yzy bilen raýat goranyş we halas ediş batalýony gadam urýar. Onuň esasy wezipesi adatdan daşary ýagdaýlarda dessin kömek etmek we şol ýagdaýlaryň täsirlerini aradan aýyrmak bolup durýar. Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem bar.

Esgerleriň we serkerdeleriň aýak urşunyň dürslügi we gözelligi, harbylaryň hatarlarynyň bitewüligi, münberiň öňünden geçýän şahsy düzümler buýsanç duýgyňy belende göterýär.

Baş meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlary geçýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip atlandyryldy.

Olar türkmen halkynyň Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly, beýik şahsyýetleriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir. Toparyň ykjamlygy olaryň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri takyk we dessin çözmäge mümkinçilik berýär.

Asyrlarboýy uly milli dabaralara gatnaşyp gelýän ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň ýörişi dabaranyň bezegine öwrüldi.

Gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewi täze taryhy döwürde Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Behişdi bedewleriň muşdagy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýurdumyzyň atçylyk däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenler köp asyrlaryň dowamynda öz atyna wepaly ýoldaş hökmünde garap geldiler. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby birikmelerinde atçylyk bölümleri döredildi.

Harby gämileriň gözden geçirilişi şu günki dabaranyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar Döwlet münberiniň meýdançasynda oturdylan ägirt uly monitorlarda göni ýaýlymda, şol bir wagtda Hazarda portuň giňişliginde geçýän baýramçylyk ýörişine hem tomaşa etdiler.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň birikmesi döredilip, ol Hazar deňzinde serhedimiziň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi ugur edinýär.

Häzirki wagtda harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, şeýle hem döwrebap tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn almak, ýurdumyzda gämileri gurmak boýunça anyk çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň hem-de nazary taýýarlygy ýokarlanýar. Olaryň birkemsiz gulluk etmegi, oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleri yzygiderli gowulandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, ýokary söweşjeň tälimi, deňizdäki serhedimiziň we umuman, döwletimiziň, türkmen halkynyň asuda durmuşynyň howpsuzlygyny goramak işinde döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezýärler.

Ýurdumyzyň deňizdäki çäklerini ygtybarly goramak, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty döredildi. Harby-deňiz güýçleri üçin işgärleri taýýarlaýan bu ýokary harby okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişi ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen hem-de takyk, döwrebap ýaraglar bilen üpjün edilen «Deňiz han» atly korwet taslamaly söweşjeň gämisiniň ýüzüşi bilen başlanýar.

Onuň yzy bilen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşini dowam edýärler. «Molniýa» taslamaly bu raketa gämileri deňiz çäklerimiziň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişini galkan görnüşli «Algyr» we «Hanjar» serhet gorag gämileri hem-de 6 sany galkan görnüşli «Arkadag», «Erkana», «Asuda», «Mergen», «Hüşgär», «Synmaz» atly serhet gorag gämileri dowam edýär. Olar deňiz çäklerimizi goramak işinde tapawutlanmagy başardylar.

Dabaraly harby-deňiz ýörişiniň hatarlaryny 4 sany «Sakçy» taslamaly serhet gorag gämileri dowam edýär. «Ezber», «Kämil», «Galjaň», «Gaplaň» atly gämiler deňiz araçäklerimizi eserdeňlik bilen goraýarlar.

Monitorda tomaşaçylar «Berdaşly» atly ýokary tizlikli, uly göwrümli howa ýassykly serhet gorag gämisini synlaýarlar. Bu gämi deňizde we deňziň ýalpak ýerlerinde hereket edip, desant toparlaryny düşürmek wezipelerini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýörişi «Umman» atly gidrografik gämi dowam edýär. Bu gämi Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Gämi deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Soňra portuň giňişligi boýunça Harby-deňiz güýçleriniň «Eserdeň» atly 60 metr labyr göçüriji tirkeg-üpjünçilik gämisi geçýär. Ol gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýöriş Harby-deňiz güýçleriniň «Gujurly» we Döwlet serhet gullugynyň «Zarply» tirkeg gämileri bilen dowam edýär. Bu tirkeg gämileri deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek işlerine goldaw bermek üçin niýetlenendir. Gäminiň tizligi 11 uzel, ekipažy bolsa 6 adam.

Döwlet serhet gullugynyň «Kuwwatly» ýük göteriji gämisi hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň «Berkarar» desant kateri Hazar deňzinde dabaraly ýüzüşi dowam edýärler. Olaryň kömegi bilen ýörite maksatly toparlary, desantlary hem-de söweş tehnikalaryny düşürmek, kenardan-kenara alyp gitmek we getirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Olaryň yzysüre Döwlet serhet gullugynyň 4 sany «TG-12 Bars» taslamaly serhet gorag katerleri geçýär. Döwrebap gämilere başarjaňlyk bilen erk edýän harby deňizçilerimiz ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goraýarlar.

Ekranda, göni ýaýlymda, deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen Içeri işler ministrliginiň 6 sany «Master 651» kysymly gözegçi katerleri peýda bolýar. Sagatda 70 kilometr tizlik bilen hereket edýän bu gözegçi katerler Hazar deňzinde gözegçilik gullugyny alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň gämileriniň dabaraly ýörişi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly ellerde saklanýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelip ýetýär — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli görnüşleriniň mehanizmleşdirilen toparlary geçýär, ýöriş hatarynyň öňüni «Combat Guard» kysymly sowutlanan awtoulag çekýär.

Harby ýörişe ilkinji gezek Watanymyzyň döwlet Tugy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen bezelen «Dongfeng Mengshi» kysymly awtoulaglar gatnaşýar. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «Typhoon-K» kysymly sowutlanan awtoulag olaryň baýramçylyk hataryny dowam edýär.

Guryýer goşunlarynyň iň kuwwatly, ýokary söweşjeň mümkinçilikli harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dabaraly ýörişi birinji kerweniň hatarynda «MAN» kysymly agyr ýük çekiji awtoulagyň üstünde kuwwatly «T-90S» hem-de «T-72M» tanklary dowam edýärler. Olaryň yzy bilen «BMP-3», «BMP-2D» we «BMP-1M» kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary geçýär.

Soňra münberiň öňünden artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» hem-de «2S-3 Akasiýa» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary geçýärler. Olar garşydaşyň dolandyryş nokatlaryny, sowutlanan tehnikalaryny we şahsy düzümini hatardan çykarmak üçin niýetlenendir.

Soňra meýdanda «ZSU-23-4 Shilka», «STRELA-10» hem-de «KUB» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary baýramçylyk ýörişiniň hataryny bezeýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Mehanizmleşdirilen ikinji ýeňil awtoulaglar kerweniniň öňüni «Bars» kysymly harby awtoulag çekýär.

Dabaraly harby ýörişi «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000», «MV-850» we «BIG BOSS-570» kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarynda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Olaryň yzy bilen ykjam hem-de şol bir wagtda agyr ýükleri bilen çylşyrymly ýerlerden geçmäge ukyply taktiki maksatly ulag serişdeleri — «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen, şeýle hem «DAGOR» kysymly harby awtoulaglar Watan goragçysynyň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlarymyz bilen Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar «Land Rover» hem-de «NIMR Ajban» kysymly ýeňil harby awtoulaglarda münberiň öňünden geçýärler. Olaryň üstünde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary dürli görnüşli mergenlik ýaraglary bilen geçýärler.

«KARAKAL» kysymly özi ýöreýän tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy Döwlet münberiniň öňünden geçýär.

«NIMR» hem-de «Al Shibl 2» kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglardaky tanka garşy raketalar, minomýotlar hem-de pulemýotlar «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň esgerlerine sazlaşykly hereket edip, öňlerinde goýlan wezipäni tiz we üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň häzirki zaman harby tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna, düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki harby ýörişde Milli goşunymyzyň hatarlaryna gelip gowşan söweşjeň ulaglar görkezildi. Şolaryň hatarynda sowutlanan «TITAN-DS» kysymly awtoulag hem bar.

Dabaraly harby ýörişe ýörite maksatly toparlar we «Land Rover» lukmançylyk awtoulaglary üçin niýetlenen «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar gatnaşýar.

Soňra münberiň öňünden göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen enjamlaşdyrylan «BTR-80A» we «BTR-80M» kysymly söweşjeň hem-de suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler.

«MAN» kysymly awtoulagda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň radiasion, himiki we biologik goranyş toparynyň, howpsuzlandyryş toparynyň hem-de halas ediş toparynyň şahsy düzüminiň wekilleri geçýärler. «MAN» kysymly ýörite tehnikalaryň ýörişine gatnaşyjylaryň hatarynda Döwlet migrasiýa gullugynyň gullukçylary hem bar. Bu awtoulaglarda gurnalan hemra antennasy arkaly islendik nokatdan aragatnaşyk ýola goýlup, adamyň biometrik maglumatlary seljerilýär we olar ýörite gaznada hasaba alynýar.

Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet münberiniň öňünden uly ot açyş harby kuwwata eýe bolan hem-de islendik aralykdan nyşanalary dürs urmaga ukyply artilleriýa bölümleriniň harby tehnikalary geçýär.

Meýdanda «Bars» kysymly harby awtoulaglar peýda bolýar.

Olaryň yzy bilen tomaşaçylaryň öňünden «KAMaz» kysymly çekiji awtoulagda «D-30» kysymly gaubisa toplary, şeýle hem «MAN» kysymly çekiji awtoulagda «D-20» agyr toplar geçýär. Olaryň kömegi bilen türkmen esgerleri dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler, hünär derejelerini kämilleşdirýärler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, 152 millimetrlik «MSTA-B» we «GIASINT-B» kysymly tirkege alynýan toplar hem-de 122 millimetrlik «BM 21 we BM 21A BELGRAD» kysymly ot açyş reaktiw ulgamlary satyn alyndy, olar hem şu günki ýörişe gatnaşýarlar. Olaryň yzy bilen «SMERÇ» kysymly, uly çuňluklardaky nyşanalar boýunça ot açmaga ukyply reaktiw artilleriýa toplumy geçýär.

Dördünji mehanizirlenen toparlar ýöriş meýdanyna çykýar, olaryň düzüminde häzirki zaman uçarmansyz uçýan enjamlary bar. Soňky ýyllarda olar Milli goşunymyzyň bölümlerinde netijeli peýdalanylýar. Şeýle uçarmansyz uçýan enjamlaryň hatarynda aňtaw maglumatlaryny ýygnamak, garşydaşyň sowutlanan tehnikasyny hem-de dolandyryş ulgamlaryny hatardan çykarmak maksady bilen, ýörite maksatly toparlar tarapyndan ulanmaga niýetlenen «Baýraktar», «Falko», «SKY STRIKER» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar dabaraly ýörişden geçýärler.

Olaryň yzy bilen IIM-ne degişli, binýadynda uçarmansyz uçuş enjamlary ýerleşdirilen «ORBITER – 2B», şeýle hem «Autogyra CAVALON» kysymly dikuçar ýerleşdirilen «MAN» kysymly söweşjeň tehnikalar meýdana çykýar.

Dabaraly harby ýörişiň hatary bilen «Land Rover» kysymly awtoulagda «Rode Schwarz» kysymly aragatnaşyk toplumy hem-de «Dong Feng» kysymly awtoulagda «TS-504» kysymly sanly troposfera aragatnaşyk toplumy geçýär.

Şu günki harby ýörişe gatnaşýan radiotehniki goşunlaryň «KOLÇUGA» kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik ediş toplumy, «ÝLS-2W» kysymly radiolokasiýa stansiýalary, «RER» kysymly radioelektron razwedka toplumy, «DWL» kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik toplumlary ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragyny ygtybarly üpjün edýärler.

«FM-90», «Peçora-2M» we «Peçora-2BM», şeýle hem «KS-1A», «FD-2000», «FD-2000 PRO» we «C-200W» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary harby ýörişi dowam edýärler.

Soňra bäşinji mehanizirlenen toparyň düzüminde meýdandan Döwlet serhet gullugynyň ygtyýaryna berlen «KIA KLTV 141» kysymly täze awtoulaglar hem-de häzirki zaman «MOTOWEZDEHOD» kysymly motoulaglar geçýär.

Kuwwatlylygy, tizlikleri we ýokary geçiş ukyby bilen tapawutlanýan «Toyota HILUX», «TOYOTA LAND CRUISER», «KIA KLTV 141», «COBRA», «KIRPI», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «MANTRA» kysymly döwrebap, köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň we lukmançylyk awtoulaglary münberiň meýdançasynda hatar gurap barýarlar. Bu ulag serişdeleri mukaddes Watan serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin netijeli peýdalanylýar.

Soňra binýadynda belentlikdäki howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenilen “ZU-23” asmana atyjy raketa toplumy hem-de «ORBITER 2B» uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilen, bort enjamlary bilen üpjün edilen «IVECO» kysymly awtoulaglar hereket edýärler.

Olaryň yzy bilen garşydaşyň janly güýjüni, ýaraglaryny hem-de harby tehnikasyny, artilleriýa we minomýot toplumlaryny, ammarlary, dolandyryş nokatlaryny we beýleki nyşanalary olaryň toplanan ýerinde ýok etmäge ukyply «BM-21 GRAD» kysymly reaktiw artilleriýa toplumlary geçýär.

Döwlet serhet gullugynyň «HONDA» kysymly motoulaglarynda baýramçylyk meýdanyndan geçen harby gullukçylaryň topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesini alamatlandyrýan XXX belgini emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeler netijesinde goşunyň ähli kysymlary hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrligi iň täze tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Şu günki harby ýörişde altynjy mehanizirlenen toparyň hatarynda «IVECO M65» kysymly ýörite sowutlanan söweşjeň awtoulaglar hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümine täze kabul edilen «STORM-RIDER» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglary, şeýle hem «LAZAR III» sowutlanan tehnikalar harby ýörişi dowam edýär.

Mehanizirlenen ýedinji toparyň öňüni «TITAN-DS» kysymly sowutlanan awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrligine degişli «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär.

IIM-niň işgärleriniň ygtyýarynda «FORD ATLAS», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «TITAN DS» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar bar, olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik tertip-düzgünini goramak üçin peýdalanylýar. Harby ýörişi «MERCEDES-BENZ» kysymly ýörite awtoulaglar dowam edýär.

Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň «MOTO GUZZI» kysymly motoulaglaryna atlanan topary Watanymyzyň şanly baýramçylyk senesini alamatlandyrýan XXX belgini emele getirýän hatara düzüldiler.

Baýramçylyk ýörişi howa giňişliginde dowam edýär. Asmanda ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň üstünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklary parlaýan «Mi-17W-5» dikuçarlar peýda bolýar.

Olaryň yzy bilen guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşun düzümlerini we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenen «Mi-17W-5» dikuçarlarynyň ikinji topary uçup geçýär. Olaryň uçuş belentligi 6 müň metre, uçuş tizligi bolsa sagatda 250 kilometre deň bolup, ýük göterijilik ukyby 5 müň kilograma ýa-da 20 adamdan ybarat bolan desant toparyna deňdir.

Soňra «Mi-24» söweşjeň dikuçarlar asman giňişligini böwüsýär, olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.

Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» we Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýärler.

Asmanda Döwlet serhet gullugynyň «AGUSTA-139», «AGUSTA-109», «Mi-24P», «Mi-8MT» kysymly häzirki zaman dikuçarlary, aňtawçylyk-gözegçilik we ýazgy etmek hem-de surata düşürmek üçin niýetlenen «Diamond-42» kysymly ýörite uçary geçýär.

«A-29 Super Tuсano» kysymly söweşjeň uçarlarynyň 5-si dabaraly harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýarlar, bu uçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamak üçin niýetlenendir. Olar ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglanandyr.

Howa giňişliginde «An-74» köpmaksatly harby-ulag uçary hem-de dabaraly harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary peýda bolýar, bu döwrebap uçarlaryň kömegi bilen goşunlary gatnatmak, harby ýükleri we tehnikalary daşamak işleri amala aşyrylýar.

Olaryň yzy bilen «Su-25» hem-de «MiG-29» kysymly söweşjeň uçarlaryň topary geçýär. Uçarmanlar söweşjeň dikuçarlara hem-de uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, Watanymyzyň asuda asmanynyň ygtybarly goragynyň kepili bolup durýan ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. Milli senenamamyzyň şanly baýramy mynasybetli howa giňişliginde XXX ýazgy şekillendirilýär.

Öz ýurdunyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek başarnygy häzirki döwrüň islendik goşunynyň söweşjeň başarnygynyň esasy görkezijisidir. Şunuň bilen baglylykda, üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde Harby-howa güýçleriniň düzüminiň binýady iň täze kysymly uçarlar we dikuçarlar bilen doldurylýar.

Şu günki ýörişe gatnaşan döwrebap howa gämileriniň hatarynda «M-346» kysymly söweşjeň uçarlaryň 6-sy bar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji awgustynda şeýle uçarlaryň birinde synag uçuşyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen söweşjeň uçar howa giňişligini goramak, aňtaw işlerini alyp barmak, guryýer goşunlarynyň hereketini howadan goldamak üçin niýetlenendir.

Soňra ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň hataryndaky iň kämil we sesden hem çalt uçýan «MiG-29» kysymly söweşjeň uçarlary baýramçylyk meýdanynyň açyk asmanynda älemgoşaryň ähli öwüşginlerini şekillendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 26-njy iýunynda şu kysymly söweşjeň uçarda çylşyrymly uçuşy amala aşyrandygyny bellemek gerek.

Dabaraly harby ýörişiň ahyrynda «M346» kysymly söweşjeň uçarlaryň uly topary ýokary uçuş ussatlygynyň çylşyrymly tilsimlerini görkezdiler. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary ussatlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu söweşjeň uçarlar asmandaky dürli nyşanalary ýok etmek, şeýle hem garşydaşyň ýerüsti desgalaryny aňtaw etmek we ýok etmek üçin niýetlenendir. Olaryň uçuş belentligi 13 müň 600 metre, tizligi sagatda 1 müň 60 kilometre barabardyr.

Umuman, harby ýörişe gatnaşan ähli häzirki zaman ýerüsti hem-de howa uçar tehnikalary we ýaraglar döwletimiz we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny berkitmek, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine hemişe üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Baýramçylyk harby ýörişi dowam edýär. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri öz ukyp-başarnyklaryny hem-de nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezýärler.

Watanymyzyň merdana goragçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän 2021-nji ýylyň nyşany bolan kepderiniň we Garaşsyzlyk binasynyň şekillerini emele getirýärler.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň çykyşy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy, bu orkestr baýramçylygyň şanyna ajaýyp saz sowgadyny taýýarlady. Esgerler ata Watanymyzyň bäş welaýatynyň gölleriniň şekilini emele getirip, sebitleriň her birine mahsus bolan aýdym-sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler.

Halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda mizemez agzybirligini hem-de jebisligini wasp edýän aýdym Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişiniň ajaýyp jemlenmesi boldy.

...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna geçirilýän dabara dowam edýär.

Baýramçylyk lybasyna beslenen ýigitleriň ikisi münberiň öňündäki meýdança ajaýyp şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewini çykarýarlar.

Özygtyýarlylygyň hormatyna Garaşsyz diýlip at dakylan ajaýyp gyr at (2018-nji ýylda doglan) Ýadygär hem-de Maýa diýen atlaryň neslindendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde egindeşleriniň adyndan ady rowaýata öwrülen atlaryň naýbaşy wekili sowgat berilýär.

Döwlet Baştutanymyz münberden düşýär.

Milli Liderimiz ata münýär hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen aýlaw edýär.

Soňra gyr bedew köpçülige ýene bir gezek buýsanç bilen görkezilýär. Şol pursadyň möhümdigine düşünýän ýaly bedew şowhunly el çarpyşmalaryň hem-de aýdym-sazyň owazy astynda gorgunlaýar.

Gadymyýetde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem ahalteke bedewleri ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklara gatnaşdyrylyp, dabaralaryň bezegine öwrülýär, olar halkymyzyň wepaly syrdaşydyr, Watanymyzyň taryhynyň hem-de iň täze eýýamynyň dowamatlylygynyň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiz ählumumy söýginiň we sarpanyň belentligine çykdy. Zehinli seýisleriň nesilleri tarapyndan kemala getirilen ahalteke bedewlerini gorap saklamak we dünýä dolan şöhratyny artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty örän uludyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy okgunly ösüşe eýe boldy. Diýarymyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, degişli düzümi ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, atly sportuň görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk ýoly boýunça ynamly gadamlaryny alamatlandyrýan türkmen jigitleriniň atly ýörişi her bir tomaşaçynyň kalbynda ruhubelentlik, şöhratly geçmişe hem-de häzirki ajaýyp günümize buýsanç duýgularyny artdyrdy.

Soňra nesilbaşymyz Oguz hanyň hem-de onuň 6 oglunyň we 24 agtygynyň keşbini janlandyran atlylar baş meýdança çykdylar. Milletiň nesilbaşysy öz neberelerine — Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratyny artdyrjak häzirki we geljekki nesillere ýüzlenýär.

Erkin halkyň bagtyýarlygynyň we ruhubelentliginiň nyşany hökmünde asmanda ak kepderi peýda bolýar.

Atyň üstünde çapyksuwarlaryň döreden akrobatik piramidasy dabaranyň şu bölüminiň naýbaşy çykyşyna öwrüldi, olar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belende göterdiler.

Özboluşly atly ýörişiň ornuny geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň gatnaşmagynda guralan edebi-sazly sahnalaşdyrylan çykyş eýeleýär. Olar öz halkyna ene topragy aýawly saklamak we ösdürmek nesihaty bilen ýüzlenýärler.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynda “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler joşgunly ýaňlanýar, olara dabara gatnaşyjylar hem goşulýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi dowam edýär. Bu dabara ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çärelerine göni ýaýlym arkaly tomaşa edýän diňe bir watandaşlarymyzyň däl-de, häzirki zaman internet kommunikasiýalarynyň üsti bilen dabaralara uzak aralykdan goşulýan dünýäniň dürli künjeginden millionlarça ýaşaýjylaryň kalplarynda buýsanç we çäksiz şatlyk duýgularyny döredýär.

Täsirli atly ýörişden soňra, baýramçylyk görnüşinde bezelen, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary biri-biriniň yzyndan hereket edýärler. Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açýar. Baýramçylyk awtoulagy milli nyşanlar bilen bezelipdir — Döwlet baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hem-de onuň binagärlik nyşany — paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň şekilleri görkezilýär.

Alypbaryjy berkarar Türkmenistanyň okgunly ösüşinde jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de iki palataly parlamentiň ägirt uly orny barada gürrüň berýär. Şeýle görnüşli parlamentiň döredilmegi ýurdumyzyň jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, hukuk hem-de dünýewi esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, Hökümetiň we halkyň sazlaşykly hem-de ysnyşykly gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Bu babatda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylyň möhüm wakalarynyň biri hem aprel aýynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji bilelikdäki mejlisi boldy.

Iki palataly ýokary kanunçykaryjy edaranyň döredilmegi türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda, ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligini berkarar etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Jemgyýetçilik-syýasy gurluşy demokratiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen möhüm çäreler köppartiýaly ulgamyň kemala gelmegi üçin hem ygtybarly binýady emele getirdi. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň Konstitusiýamyzda berkidilen syýasy hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Soňra münberiň öňünde zähmet toparlary bilen bilelikde, Aziýanyň merjeni hasaplanylýan şäher — Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag geçýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýene bir şanly senä — ýurdumyzyň baş şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna beslendi, bu senede Türkmenistanyň ajaýyp häzirki döwri hem-de nurana geljegi öz beýanyny tapdy.

Gün-günden gözelleşýän Watanymyzyň ýüregi — ak mermerli paýtagtymyz täze taryhy eýýamyň belent maksatlary hem-de döredijilik ylhamy bilen sazlaşykda ösýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli belent binalar we ajaýyp desgalaryň toplumlary tomaşaçylaryň gözel şäherimize buýsanjyny artdyrýar. Bu binalaryň köpüsi häzirki zaman Türkmenistanyň ajaýyp keşbini alamatlandyrmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesinde, halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýan myhmansöýer türkmen paýtagty döwrebap, okgunly ösýän uly geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny kemala getirýär, bu ýerde gözellik hem-de amatlylyk, dünýä binagärliginiň we inžener-tehniki pikiriniň öňdebaryjy gazananlary hem-de gündogar binagärliginiň gadymy ýörelgeleri, milli ýaşaýyş-durmuş özboluşlylygy sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasy şygary öňe sürmek bilen, häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynyň öňünde baş maksady — halkyň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmek, döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmek, ilatyň dünýä gazananlarynyň ähli eşretlerine elýeterliligini üpjün etmek wezipesini goýdy.

Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň belent binasynyň, Maslahat merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kabul edişlikler merkeziniň, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde bina edilen iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň we köp sanly beýleki möhüm desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň ak pata bermeginde ägirt uly taslamanyň — “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna girişildi, onda dünýä binagärlik hem-de şähergurluşyk meýilleriniň iň täze, öňdebaryjy ýörelgeleri öz beýanyny tapar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleri iň alysdaky künjekleri hem öz gerimine alyp, tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Geçmişiň taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň iri desgalary, berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýan welaýatlaryň her biriniň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de olaryň ajaýyp künjekleri Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň arasy üzülmän geçýän baýramçylyk bezegli awtoulaglarynda ýerleşdirilen fotopannolarda öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimizi we baýramçylygyň köp sanly myhmanlaryny münberiň öňündäki meýdançadan geçýän awtoulaglardaky her bir sebitiň ýaşuly we ýaş nesliniň wekilleri ruhubelentlik bilen gutlaýarlar.

Dürli öwüşginli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi türkmen döwletiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanyna öwrüldi, bu pudaklar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Olar barada münberden ýaňlanýan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler we gazanylan üstünlikler barada özboluşly “hasabat” berdiler.

Ilki bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi öz gazananlaryny görkezdi. Soňky ýyllarda peýda bolan täze binalar paýtagtymyzyň hem-de tutuş ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgertdi we ýurdumyzyň rowaçlygynyň hem-de amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň anyk görkezijileri boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gurluşyk ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Bu örän möhüm ugra gönükdirilýän düýpli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli gurallarynyň döredilmegi şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini şertlendirdi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär hem-de durky täzelenýär.

Şu gün Watanymyzda jemi bahasy ABŞ-nyň 37 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 2,5 müňe golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde şäher we oba ýerleriniň durmuş düzümlerini ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça GDA-da 2021-nji ýylyň «Binagärlik we şähergurluşyk ýyly» diýlip yglan edilmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Gurluşyk işleriniň möçberleriniň okgunly artmagy soňky ýyllarda ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýan Watanymyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi hem-de amala aşyrylýan taslamalaryň giň gerimliligi häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip, bu ugur düýpli döwlet goldawyna eýe boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar öz gazananlary bilen tanyşdyryp, ýyl-ýyldan gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleriniň sanawyny artdyrýandyklaryny, ýerli çig mal esasynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürýändiklerini görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan baýlyklaryň täze ýataklarynyň açylmagyna gönükdirilen geologik-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Geljekde bu işleriň netijeleri önümçilik toplumynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna hem-de gurluşyk serişdeleriniň we ýurdumyzda hem-de dünýä bazarynda uly islege eýe bolan beýleki eksport ugurly önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna ýardam berer.

Baýramçylyk ýörişiniň dowamynda belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan aýdym ýaňlanýar.

Soňra baýramçylyk meýdanyna Energetika ministrliginiň awtoulagy gelýär, bu ministrligiň kärhanalarynyň işgärleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşyladylar.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler geçirilýär, bu pudaga paýtagtymyzyň we welaýatlaryň okgunly ösüşini nazara almak bilen, birnäçe esse artdyrylan ätiýaçlyk kuwwatlyklary gönükdirilýär.

Diňe şu ýylyň dowamynda biz Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta barabar bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde hereket edýän, Çärjew etrabynda gurlan kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmeginiň şaýady bolduk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýurdumyzy dünýä energiýa ulgamyna goşmak boýunça netijeli işler amala aşyryldy, täze desgalaryň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň diňe bir energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň energetika ulgamynda sebit we halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen tygşytly hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň innowasion häsiýetli taslamalaryny, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri — Gün we ýel çeşmelerini peýdalanmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşmegiň nusgasyny görkezýär.

Soňra baýramçylyk meýdanyndan uly buýsanç bilen bilim ulgamynyň wekilleri geçdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzy okgunly ösdürmegiň intellektual hereketlendirijisi hökmünde aýratyn ähmiýet berýär.

Hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenilen döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly hem-de hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde, onuň dünýä giňişliginde öz ornuny berkitmeginde ýaşlaryň ägirt uly orny eýeleýändigini hasaba almak bilen, bu wezipe milli, döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugrudyr.

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä derejeli ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdepleri ulgamy giňeldilýär, şolarda yzygiderli ýagdaýda täze hünär ugurlary girizilýär, okatmagyň hem-de sanly okuwyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar.

Soňra baýramçylyk meýdany boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň awtoulagy geçýär. Türgenleriň köp sanly topary welosipedlerde we pyýada münberiň öňünden geçýärler. Olaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri hem-de şolarda baýrakly orunlary eýelänler bar.

Dürli öwüşginli pannoda soňky ýyllarda bina edilen häzirki zaman köpugurly stadionlar we sport toplumlary şekillendirilipdir, bu desgalarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilendir.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjydyr, onuň peýda bolmagy Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna doly kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini alamatlandyrdy.

Hakykatdan-da, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, birnäçe maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli amala aşyrylýar. Milli sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde öz üstünlikleri bilen dünýä giňişliginde Watanymyzy şöhratlandyrmaga taýýar bolan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär, olar ýurdumyzyň sport abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Milli ýygyndy toparymyzyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy şu ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen sportunyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly alyndy, kümüş medala mynasyp bolan agyr atletikaçy Polina Gurýewa ýörite bezegli awtoulagdan myhmanlary baýramçylyk bilen gutlady.

Adam, onuň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň binýadyny emele getirýär. Bu ulgam hem awtoulagyň üstünde gurnalan köpöwüşginli diwarlygyny görkezdi, onda “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary bilen geçirilýän giň gerimli işler öz beýanyny tapdy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Şonuň netijesinde adamyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň hili ýokarlanýar.

Tutuş ýurdumyz boýunça Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, iň döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, häzirki zaman saglyk öýleri we ýerli çig malyň esasynda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň öndürilmegi ýola goýlan derman senagatyna degişli desgalar bina edildi. Türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriň şekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň awtoulagynyň bezeginiň esasy öwüşginleriniň biri boldy.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çäklerinde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirilýär.

Pandemiýany we onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmekde dünýä jemgyýetçiliginiň utgaşdyrylan tagallalary örän uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki köptaraplaýyn sammitleriň, duşuşyklaryň hem-de onlaýn maslahatlaryň dowamynda beýan edilen, hususan-da, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny öňe ilerletmek we alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek barada hormatly Prezidentimiziň teklipleri bellärliklidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky aladany esasy üns merkezinde saklap, bu giň gerimli işde abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzda eýýäm birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu üstünliklere Türkmenistana berlen degişli halkara güwänamalar şaýatlyk edýär.

Dokma senagaty ministrligi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan taýýarlanan awtoulag dokma önümleriniň giň görnüşlerini hem-de baryp ýüzlerçe ýyl mundan ozal gaýtalanmajak gözelligi we nepis dokalyşy bilen dünýäni haýrana goýan täsin türkmen el halylaryny görkezmek üçin özboluşly sergi meýdançasyna öwrüldi.

Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän, ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň biridir. Häzirki zaman dokma toplumlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy netijesinde ýurdumyz daşarky bazarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürip bilýän, bäsdeşlige ukyply döwletiň abraýyna eýe boldy.

Diýarymyzyň dokma kärhanalarynda nah we garyşyk ýüplük çykarylýar, tüýjümek, jins hem-de örme önümleri, özümizde we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan taýýar egin-eşikleriň köp görnüşleri öndürilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda häzirki zaman dokma toplumy açyldy. Babadaýhan etrabynda onuň ýene-de biriniň ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Gadymy halk senetçiligi bolan haly dokamak işi hem täze ösüşe eýe boldy. Şonuň netijesinde halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen gaýtalanmajak türkmen halylarynyň şöhraty täze öwüşginde nur saçdy.

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň çykyşy pudagyň işgärleriniň ýörişine ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly önümleriň öňe ilerlemegine gönüden-göni ýardam edýär. Şolaryň bilelikdäki tagallalary bilen awtoulagda gurnalan uly diwarlyk ýurdumyzyň haryt dolanyşygyny we eksport kuwwatyny artdyrmak, hödürlenýän söwda hyzmatlaryny giňeltmek, ilatyň azyk önümlerine hem-de senagat harytlaryna bolan isleglerini doly üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleri görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, hususy ulgamyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek bazar bäsdeşligine ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertidir. Bu babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijelidigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan bina edilen köp sanly durmuş hem-de senagat desgalary şaýatlyk edýär.

TSTB hususy ulgamyň wekillerine ynanylan dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap önümçilikleriň görnüşleri şekillendirilen diwarlygyny taýýarlady. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri bireýýäm içerki bazarda alyjylaryň ynamyna eýe boldy, indi daşarky bazarlar hem ynamly özleşdirilýär. Häzir türkmen işewürleri gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny we azyk önümlerini öndürmekde netijeli işläp, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Milli Liderimiz Diýarymyzyň telekeçilerine iri taslamalary ynanyp, şolaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn goldawlary berip, döwlete degişli bolmadyk ulgamyň kuwwatyny artdyrmak üçin hemme şertleri döredýär. Mahlasy, ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has oňaýly hukuk, maliýe-ykdysady hem-de durmuş şertleri döredilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň okgunly depginini beýan edýän möhüm ykdysady görkezijileriň şekilleri ýerleşdirilen maketleri görkezdi.

Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge köp mukdarda maddy serişdeler gönükdirilýär. Her ýyl aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi ýokarlandyrylýar. Durnukly maliýe ulgamy, oýlanyşykly salgyt syýasaty netijesinde Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiligi ýyl-ýyldan artýar.

Sanly ulgamlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hem depginli ykdysady ösüşiň esasy ugry boldy. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň çäklerinde hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär, elektron tölegleriň sanawynyň üsti yzygiderli ýetirilýär, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi köpelýär. Muny Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan taýýarlanylan diwarlyk aýdyň görkezdi.

Bu ulgamyň işgärleri üçin häzirki şanly ýyl aýratyn ähmiýetli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň baharynda “Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary açyldy.

Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýanyň strategik ugurlarynyň biridir. Bu ulgamyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olaryň öňünde goýlan möhüm wezipe bilen şertlendirilendir. Şol wezipe halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda maliýe serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyply bolmagyna hem-de innowasion ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.

Döwlet münberiniň öňünde pudagyň zähmetkeşleriniň baýramçylyk ýörişinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň owadan bezelen ulagy peýda bolýar. Pannoda bereketli türkmen topragynyň naz-nygmatlary we giň gerimli özgertmeleriň netijesinde täze, ajaýyp üstünlikleri gazanýan Diýarymyzyň önüm öndürijileriniň önümleri görkezilýär.

Şekillerde bugdaý sümmülleri, açylan pagta, azyk bolçulygyny alamatlandyrýan bereketli hasyl harmanlary, döwrebap elewatorlar hem-de ekerançylaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary beýan edilýär.

Azyk garaşsyzlygyny doly üpjün edýän Türkmenistan ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrýar, pudagyň düzümini giňeldýär hem-de täzeleýär, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, ylmy esasda seçgiçiligi we tohumçylygy ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary hem-de iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usulyýetleri ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman däneçilik we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, ammarlar hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar bina edildi. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndüriji firmalaryndan däne we pagta ýygyjy kombaýnlar yzygiderli satyn alynýar.

Gahryman Arkadagymyzy wasp edip, türkmen estradasynyň meşhur artistleriniň ýerine ýetirmeginde ýene-de aýdym ýaňlanýar.

Oba hojalyk ulgamyny, umuman, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bolşy ýaly, suw hojalyk pudagyna, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmaga, sebitlerde suwuň goşmaça gorlaryny toplamak maksady bilen, täze suw howdanlarynyň gurulmagyna möhüm orun berilýär. Munuň özi Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan işiniň baş ugrudyr, ol “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen bilelikde aýratyn diwarlygy görkezdi.

Fotopannonyň merkezi böleginde ady rowaýata öwrülen, ýurdumyzyň ösüşiň hem-de abadançylygyň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň nyşany bolan ahalteke bedewleri şekillendirilipdir.

Häzirki wagtda biz ýelden ýüwrük bedewleriň şöhratynyň has-da belende galýandygynyň şaýatlary bolýarys. Olar türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy hem-de ylham çeşmesi, kalbynyň mähri, bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Gözellikde hem-de beden gurluşynda kämillik derejesine çykarylan ahalteke bedewleri zehinli atşynaslaryň yhlasly zähmeti we aladasy bilen ýetişdirildi hem-de hakykatdan-da, Watanymyzyň ösüşiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly hereketiniň aýdyň nyşanydyr.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulaglarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary aýdyň görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy hereketlendiriji kuwwaty hökmünde ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberiniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklary ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek bilen, halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin maliýe serişdelerini toplamakda möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerini öz raýatlarynyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine netijeli gönükdirmekde jogapkärli çemeleşmeleri görkezýändigini hem-de bu ugurda yzygiderli anyk çäreleri geçirýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar. Halkara ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi, şol sanda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde bu pudagyň önümçilik düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, uglewodorod serişdeleriniň we ýurdumyzda çykarylýan ýokary hilli önümleriň mukdaryny artdyrmak, olary gaýtadan işlemek hem-de eksport etmek boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär.

Awtoulaglaryň ýany bilen pudagyň iş lybasyndaky hem-de ellerinde alawlary saklaýan işgärleri barýarlar. Olaryň ählisi — önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussalar, tejribeli hem-de zähmet ýoluna täze başlan ýaş hünärmenler yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar hem-de dünýäniň iri energetika döwleti hökmündäki derejesini berkidýärler.

Dabaraly ýörişi ulag ulgamynyň işgärleri dowam edýärler. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň awtoulaglarynda gurnalan maglumatlar pudagyň gazanan üstünliklerini görkezýär, awtoulaglaryň her biri iş ugruna laýyklykda bezelipdir.

Ilki bilen münberiň öňünden ýörite bezelen awtobus geçýär. Onuň yzy bilen ak gämi tolkunlary böwsüp geçýär, wagonlar kerweni hereketi dowam edýär, ak-ýaşyl uçarlar asmana galýar, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň keşbinde beýan edilen laçyn ganatlaryny ýaýýar.

Awtomobil, derýa, deňiz, demir ýol hem-de ulag ulgamynyň işgärleri milli Liderimize döwlet tarapyndan berilýän goldaw üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.

Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň, şäher taksileriniň ýüzlerçesi satyn alyndy, bu bolsa Aşgabat şäheriniň gününe özboluşly sowgat bolup, ýolagçylara hyzmat edilişiniň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wezipeleri yzygiderli çözülýär, munuň özi halkara howa ugurlarynyň, ulaglaryň ýerüsti hem-de suw görnüşleri arkaly ýük we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini ýyl-ýyldan ep-esli giňeltmäge, halkara ähmiýetli multimodal logistik geçelgeleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi nazara alnyp, üstaşyr ulag mümkinçiligini has doly peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA transmilli ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýar.

Ulag toplumynyň işgärleri hem dabara gatnaşyjylara döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Olar joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan topar bolup agzybirlikli geçen aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işgärleri hem ýurdumyzyň şanly baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen geldiler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bezelen ulagynda bu pudagyň ýeten sepgitleri beýanyny tapdy. Bu ulgamda iň täze, ýokary hilli tehnologiýalar hem-de öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamy dünýä ülňülerine çykýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň her raýaty üçin ykjam aragatnaşyk, sanly telefon ulgamy, poçta, Internet, IP-telewideniýe we aragatnaşygyň beýleki görnüşleri elýeterlidir.

Halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşlerinden soň, berkarar döwletimiziň umydy we nurana geljegi bolan bagtyýar, giň düşünjeli ýaş nesli şöhlelendirýän awtoulag geçýär.

Pederlerimiziň parasatly däplerine hem-de wesýetlerine wepaly ýaşlara Watanymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar. Şonuň üçin-de döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, üstünliklere ýetmegi, erkin hem-de bagtly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretdi we döredýär. Türkmenistanda çagalar döwletiň aýratyn söýgüsi we aladasy bilen gurşalandyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş merkezleri gurulýar.

Isleg-arzuwlary amala aşyrýan sumrug guşy görnüşinde gurnalan diwarlyk ýaşajyk türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň nyşanyna öwrüldi. Onuň ýokarsynda XXX sany şekillendirýän ak kepderiler we şarlar görünýär.

Medeniýet ulgamynyň awtoulagy baş meýdançadaky baýramçylyk ýörişini jemleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri — sungat wekilleri we medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işgärleri giň halk köpçüligine milli hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýärler. Owadan bezelen sahnanyň möhüm bölegi baý milli medeniýetimiziň nyşanyna öwrülen dutar boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde medeniýeti hem-de sungaty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär, ulgamyň ösmegi hem-de kämilleşmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi.

Jemgyýetiň jebisleşdiriji hem-de ruhlandyryjy güýji hökmünde milli medeniýetimizi ösdürmäge we wagyz etmäge berilýän ägirt uly ünsüň subutnamasy hökmünde her ýyl ýurdumyzda bellenip geçilýän Medeniýet hepdeligini görkezmek bolar. Ol şu ýyl Lebap welaýatynda giňden bellenildi. Onuň çäklerinde geçirilen çäreler halkymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrülen ruhy mirasynyň dabaralanmasy bolup, buýsanjymyzy artdyrdy.

Mundan başga-da, halkymyzyň özboluşly medeniýeti hem-de baý däpleri yzygiderli döredijilik çäreleriniň dowamynda daşary ýurtlarda giňden we işjeň wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir möhüm medeni taslamalary — sergileri, festiwallary, konsertleri, sahnalaşdyrylan çykyşlary, döredijilik duşuşyklaryny we beýlekileri geçirmek başlangyjy bilen çykyş etmän, eýsem, şolary iş ýüzünde amala aşyrmaga ýakyndan ýardam berýär.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň meýdançanyň merkezinde gurnalan ýörite sahnadaky çykyşy baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň ählisinde uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen atçylyk sport topary abraýly halkara festiwallarda hem-de bäsleşiklerde hormatly sylaglara we baýraklara ençeme gezek mynasyp bolup, köp sanly tomaşaçylara haýran galdyryjy tilsimleri hem-de at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Häzirki wagtda bu meşhur toparda ýaş ýigitler we gyzlar çykyş edýärler. Ol dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatik toparlaryň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ählihalk dabaralarynyň ählisinde hem olaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bolýar.

Megerem, biziň ýurdumyzdaky ýaly bedewe çuňňur sarpa goýýan we özüniň belent maksatlaryny onuň bilen baglaýan ýurt dünýäde ýok bolsa gerek. Türkmeniň wepaly dosty hem-de ýoldaşy, buýsanjy we sarpasy bilen gurşalyp alnan ahalteke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň çuňňur manyly hem-de baý many-mazmunly ruhy buýsanjyna, döredijilige we rowaçlyga ymtylmasynyň nyşanyna öwrüldi.

Şatlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolan küştdepdi tansy hem şatlygyňa şatlyk, ruhuňa ruh goşýar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary berkarar we bagtyýar döwrümize, Gahryman Arkadagymyza hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gülläp ösýän mähriban Diýarymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlanýar. Asmany älemgoşaryň nurana reňkleri hem-de salýudyň öwüşginleri bilen bezän uçarlar ýene-de meýdançanyň üstünden uçup geçýärler. Bu ýere ýygnananlaryň kalplary ata Watanymyzyň ajaýyp şu gününe, bagtly geljegine buýsanç duýgularyndan püre-pürlendi.