mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

KAMAZ Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmakçy

view-icon 3136

Russiýa Federasiýasynyň dizel ýük awtoulaglaryny we dizel dwigatellerini öndürýän KAMAZ kompaniýasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär, bu barada kärhananyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini guramagyň taslamasy KAMAZ-yň baş müdiri Sergeý Kogoginiň Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana eden soňky saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzir Türkmenistanda gurnamak üçin teklip edilýän ýörite desgalaryň sanawy taýýarlandy; agyz we senagat suwy awtoulaglaryny, ýangyç daşaýan awtoulaglary, zibil awtoulaglaryny we awtodiňleri ýygnamak mümkinçiligine-de garalýar.

Kärhananyň berýän maglumata görä, gözel paýtagtymyzdaky hyzmat merkezinde ýerleşjek gurnama binasynyň gurluşygy we ulanylyşa berilmegi 2022-nji ýylyň IV çärýegine meýilleşdirilipdir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamynda KAMAZ-yň eziz Diýarymyza 11 müňden gowrak awtoulag iberendigini bellemek gerek – olaryň 2 müňüsi soňky üç ýylyň dowamynda gowşuryldy.

«2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda 5 müň inedördül metrden gowrak meýdany bolan KAMAZ okuw we hyzmat merkezi işleýär. Bu şereket ýurduň sebitlerinde täze awtoulag merkezlerini gurýar. Türkmenbaşyda hyzmat merkeziniň resmi açylyşy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilipdir. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şereket Lebapda, 2022-nji ýylda Maryda we Daşoguzda hyzmat merkezlerini açmagy meýilleşdirýär», diýlip habarda aýdylýar.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa