Ï 4-nji oktýabrda Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

4-nji oktýabrda Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy başlanýar

view-icon 7921

4-nji oktýabrda her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy öz işine başlar. Şu ýyl çäre «Pandemiýadan soň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly dikeldiş» ady bilen geçiriler. Duşuşygy onlaýn düzgünde USAID Agentligi guraýar. Bäş iş gününe niýetlenen forumda mejlisleriň onusy we iki tegelek stol geçirilip, ol 8-nji oktýabrda tamamlanar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy ABŞ-nyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Judi Kuo gutlag sözi bilen açar.

Uly möçberli çärä gatnaşýanlar bilen bilimini paýlaşmaga çagyrylan tanymal bilermenleriň 80-siniň arasynda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Tatýana Proskurýakowa, ITC-iň barlaglar we eksport strategiýalary bölüminiň ýolbaşçysy Barbara Oliweýra Ramos, Makao Ylmy-tehnologik uniwersitetiniň professory Wiki Ku bar.

4-nji oktýabrda şeýle hem «COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde söwdaky ugurlar» duşuşygy we dünýädäki ekologiýa ýagdaýy durnuklaşandan soň Merkezi Aziýada telekeçilgi goldamaga bagyşlanan tegelek stol geçiriler.

5-nji oktýabrda syýahatçylyk senagatyny dikeltmäge hem-de sebitde söwda we üstaşyr ýük geçirmeler bilen baglanşykly meseleleri sanly usullar arkaly çözmäge bagyşlanan duşuşyklar guralar. 6-njy oktýabrda Merkezi Aziýada suw durnuklylygy, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine maýa goýumy, ykdysadyýetiň ulag we logistika ýaly ugurlarynyň sanly geljegi barada söhbetdeşlik geçiriler.

Forumyň dördünji güni Aziýa yklymynda sebit gatnaşyklaryna bagyşlanan mejlis bilen açylar. Günüň ikinji ýarymynda oňa gatnaşýanlar elektron kommersiýa temasyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Duşuşygyň ahyrky güni MA ýurtlarynyň gök-miwe pudagynda bäsdeşligi ösdürmäge we sebitde ekologiýa ýagdaýy gowulanandan soň telekeçilikde zenanlaryň hem-de ýaşlaryň tutýan ornuna bagyşlanan temalara garalar.

Forum geçirilen ýyllarynda oňa dünýä ýurtlarynyň 30-dan gowragyndan 10 000-e golaý adam gatnaşdy. Telekeçiligi üstünlikli amala aşyrmak üçin pikirleri we çözgütleri alyşmak, uzak möhletleýin halkara işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak duşuşyklaryň esasy maksatlarydyr.

Duşuşyga gatnaşmak üçin https://catradeforum.org/ saýtda hasaba alynmaly.

Şeýle hem Merkezi Aziýa halkara söwda forumynyň çäklerinde CERT Academy trening kompaniýasy bilen bilelikde ISO esasynda 2021-nji ýylda täze halkara ölçegleri boýunça mugt onlaýn-maslahat geçiriler.

https://certgroup.org/conf2021/ saýtynda 2021-nji ýylda täze halkara ölçegleri bilen tanyşmak isleýänler hasaba alynýar.

 Roman Teplýakow