Ï Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy Astrahanda bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy Astrahanda bellenildi

view-icon 9292

Astrahanda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu çäre türkmen ýaşlarynyň okaýan Astrahan döwlet uniwersitetiniň medeni merkezinde geçirildi. Onuň maksatnamasy ADU-nyň Türkmen dili we medeniýet merkezi, şeýle hem Astrahanyň daşary ýurtly talyplarн bilen bilelikde düzüldi.

Ýygnananlary Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni bilen ADU-nyň daşary ýurtly talyplar bilen işleşmek bölüminiň müdiri Ýekaterina Şatohina gutlady. Ol dostdana döwletiň raýatlaryna asudalyk, parahatlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Astrahan şäherindäki Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň wekili Rizabek Kurbanow türkmen talyplaryna ýüzlenip, milli medeniýeti gorap saklamagyň möhümdigini we onuň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuny nygtady. Ol, şeýle hem, Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplarymyz babatda edýän atalyk aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanly talyplar, Astrahan horeografik toparlary we ansambllar ilhalar türkmen aýdymdyr tanslaryny, şol sanda köplere tanyş bolan meşhur “Aýna” aýdymyny we gadymy “Kuştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Konsertiň jemleýji çykyşynda tomaşaçylaryň ör turup, çapak çarpmaklary oňa gatnaşýanlaryň ählisini bir ýere jemledi.

Çäräniň ahyrynda ony gurnaýjy Gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy, ADU-nyň Türkmen dili we medeniýet merkeziniň taslama sazlaýjysy Resul Şajyýew ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, olary baýramçylyk bilen gutlady.

ADU-da 2019-njy ýylda açylan Türkmen dili we medeniýet merkeziniň wekillweri türkmen baýramlaryny giňden belleýärler. Türkmenistan üçin ähmiýetli wakalar mynasybetli dürli çäreleri geçirýärler. Mysal üçin; şu ýylyň maý aýynda Astrahan döwlet uniwersitetiniň esasy binasynyň golaýyndaky seýilgähde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýma dabarasy bolup geçdi. Ýakynda bolsa bu Merkez Astrahanda geçen VI Hazar metbugat forumyna gatnaşdy.

Ogulgözel Rejebowa