Ï ÇuwDU-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÇuwDU-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

view-icon 13462

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetinde (ÇuwDU) Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullgy  habar berýär.

Meselem, ÇuwDU-nyň daşary ýurtly talyplar Geňeşiniň giňişleýin mejlisinde, türkmenistanly talyplar dogduk diýaryň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrdylar. Mejlisiň çäklerinde şeýle hem talyplaryň arasynda «Meniň uniwersitetim: uniwersitet maňa näme berýär, men uniwersitete näme berýärin» atly esse bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýelänleriň arasynda Türkmenistandan lukmançylyk bölüminiň 4-nji ýyllyk talyby Nurjemal Gaýybowa hem bar.

Mejlise gatnaşanlar geljekki medeni, ylmy, sport çärelerini ara .alyp maslahatlaşdylar, türkmen talyplary diňe bir olara gatnaşman, eýsem olaryň guramaçylary hem boldularr. Duşuşyga gatnaşanlara türkmen çaýy hödürlendi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy» sergisine gelenler Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, türkmen milli lybaslary bilen tanyşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirlen woleýbol boýunça ýaryşda türkmenistanlylaryň «Bitaraplyk» topary ýeňiş gazandy.