Birža täzelikleri

eye
4960
Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni arassalanan benzini, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli kysymly awtoulaglar, float list aýnasy, nah ýüplük, bakja önümleri ýerlenildi. Olary Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 21 million 218 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 5 million 628 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri 813 müň manatlyk dürli görnüşli mator ýagyny satyn aldylar.