Ï Daşkentde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler

view-icon 3265

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlady.

Döwlet Baştutanymyz resmi saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de, giňişleýin düzümde geçiriljek duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, ylymda hyzmatdaşlygy ösdürmage aýratyn orun berler.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler.