Ï Özbegistanyň paýtagtynda Türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň paýtagtynda Türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

view-icon 10549

Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady forumyň barşynda Türkmenistan we Özbegistan wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, olaryň barşynda anyk maýa goýum taslamalary we ykdysady pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-özbek ykdysady forumynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi.