B.Myradow Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.