Ï 73 ýyldan soň: ýerli wagt bilen 1 sagat 12 minut 5 sekunt
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

73 ýyldan soň: ýerli wagt bilen 1 sagat 12 minut 5 sekunt

view-icon 11984

Türkmenistanyň Döwlet medeniýetr merkeziniň Döwlet muzeýinde «Mukaddes hatyra» ady bilen sergi açyldy. Ol TASS-yň ýer titremesi hakda eksponat görnüşinde habaryndan başlanýar:

«1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilýän gije TSSR-iň Aşgabat şäheriniň töwereginde güýji 9 ball ýer titremesi boldy. Aşgabat şäherinde köpsanly weýrançylyklar bar. Ýer titremesi zerarly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi weýran boldy, köp sanly adam pidalary bar...»

TASS-yň habary dünýäni elendirdi. Ol adamlarda duýgydaşlyk we kömege isleg döredipdi. Gije 1 sagat 12 minut 5 sekunt diýlende elhenç bela ýaşaýyş jaýlaryny, muzeýleri, taryhy we medeni ýadygärlikleri, mekdepleri, zawod-fabrikleri, keselhanalary bir salymda weýran edip, parahat ýatanlaryň ençemesiniň başyna ýetdi.

...Şol pajygaly günden bäri 73 ýylk geçdi. Türkmenistanlylar häli-häzirem Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny ýatlaýarlar, şol tebigy belany gözi bilen görenler azalyp barsa-da, olaryň ýatlamalary hakydamyzdan çykmaýar.

2014-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda, Gökdepe söweşinde we Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi.

Muzeýiň sergisi birnäçe bölüme bölünipdir. Muzeýiň gaznasyndaky fotosuratlarda ynkylapdan öňki döwürde Ashabad diýip atlandyrylan şäher barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. 1913-nji ýylda düşürilen suratda kerwensaraý, erkekler gimnaziýasynyň jaýy, bahaýylar metjidi şekillendirilipdir. Soňrak ýer titremesinden öň merkezinde bişen kerpiçden bina edilen iki gat jaýly oňaýly Aşgabadyň keşbi görkezilýär. Beýleki bölüm bolsa güneşli şäheriň tebigy harasatdan soňky ýagdaýyny şekillendirýär...

Tamara Glazunowa

 Suratçy: Alekseý Gimalitdinow