Aşgabat ýer titremesi – surtkeşleriň eserlerinde

eye
6249
Aşgabat ýer titremesi – surtkeşleriň eserlerinde

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi açyldy. Bu elhenç tebigy hadysadan bäri 73 ýyl geçse-de, bu tema türkmen nakgaşlaryny tolgundyryp gelýär.

Serginiň merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň Aşgabat ýer titremesine bagyşlap döreden heýkeli goýlupdyr. Topraga meňzeş goýy-goňur reňkde ýasalan heýkel Aşgabadyň başyna düşen betbgatlygy görkezýär.

Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Annamämmet Hojanyýazow öz «Ýer titremesi» atly suratynda ýer sarsgynynyň arasyndaky böwşeňlikde ýaşlary ─ umumy ýaşaýyş jaýynyň howlusyna çykmaga ýetişen talyplary şekillendiripdir. Olar näme etjeklerini bilmän aljyraşyp durlar. Apatdan ýaňa aklyny aldyran ýaş ene balasyny bagryna basyp, ümdüzine tutdyryp barýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Möwlamberdi Muhammetmyradow «Agyr pursat» atly işinde ýer titremesinden bir pursady görkezýär.

Türkmenistanyň halk surtkeşi Ýarly Baýramow ildeşlerine döredijiliginiň ajaýyp nusgasyny – «Ajy habar» atly işini miras goýupdyr. Onda şekillendirilen iň ýakyn hossarynyň wepat bolandygy hakda haty okaýan garry enäniň keşbine biparh syn edýän tomaşaçy ýok bolsa gerek. Eser goňur-ak reňklerde çekilipdir.

Stanislaw Babikowyň «Aşgabat» suraty ýer titremesi zerarly bolan weýrançylykdan soň täzeden dikeldilen şähere bagyşlanypdyr. Bary-ýogy 12 ýyl geçse-de – awtor ony 1960-njy ýylda çekipdir – şäher ozalkysy ýaly bagtyýar durmuşyň hözirini görýär.

Tamara Glazunowa

 Suratçy:Alekseý Gimalitdinow