2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky özaragatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler, şeýle hem halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara meýdançalarynda saglygy goraýyş ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlary hem-de teklipleri babatynda gürrüň berdi we Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegini we berkidilmegini maksat edinýändigini tassyklady.
Umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmagyň esasy şertiniň syýasylaşdyrmagy aradan aýyrmak bilen, ylmy diplomatiýanyň usullarynyň we serişdeleriniň giňden ulanylmagyna esaslanyp, BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň jebisleşmesi bolup durýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlarynyň halkara forumynyň saglygy goraýyş ugrunda ulgamlaýyn pikir alyşmak we hünär tejribesi bilen paýlaşmak üçin gerekli şertleri döretmekdäki ähmiýetini belläp geçdiler.