Ï «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurar

view-icon 7181

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek we talabalaýyk saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmak barada “Nur Bina gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany athana üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamyny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we athanany 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.