Ï Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ilkinji ýaşlar maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ilkinji ýaşlar maslahaty geçirildi

view-icon 5583

Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we beýleki milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça eziz Diýarymyzda ilkinji ýaşlar maslahatyny geçirdi. Gibrid formatynda geçirilen bu çäre BMG-niň Glazgo şäherinde geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça 26-njy maslahatynyň (COP26) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda guraldy.

Türkmenistanda geçirilen belli bir derejede ilkinji maslahat ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini işläp düzmek, şeýle hem olaryň bilimlerini ýokarlandyrmak arkaly howa boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin maksat edinýär.

Çärä gatnaşýanlaryň arasynda BMG-niň guramalarynyň wekilleri, döwletimiziň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we ýaş işjeňler bar. Umumy mejlisden başga-da, maslahatyň çäginde tematik ýygnaklar geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň halkara forumlara gatnaşmagyny, daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyny ösdürmek, ýaş nesli Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça işlerine çekmek teklipler hödürlendi.

Aýjahan Ataballyýewa