Özbegistanda türkmen kinosynyň günleri geçirildi

eye
5316
Özbegistanda türkmen kinosynyň günleri geçirildi

Özbegistanda «Ýüpek ýolunyň merjen dänesi» atly XIII Daşkent halkara kinofilm festiwalynyň netijeleri jemlenildi.

Şu festiwalyň çäklerinde geçirilen «Dünýä kinofilmleriniň günlerinde» dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunyň kinofilmleri görkezildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz Han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinofilmleri bu ýere gelen tomaşyçylarda uly täsir galdyrdy.

Daşkent kinofilm festiwaly 1968-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.


Taýýarlan Swetlana Çirsowa