Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Alar Karise berk jan saglyk we gujur-gaýrat, dostlukly eston halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.