Ï Türkmenistan we BMG maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça onlaýn maslahaty geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we BMG maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça onlaýn maslahaty geçirdi

view-icon 11995

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine ygrarlydygyny beýan etdi.

Şunlukda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň çygrynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriň möhüm meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky derwaýys hereketleri bellenilip geçildi.

Maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak arkaly, taraplar BMG-niň howandarlygynyň astynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça ählumumy hukuk gurallarynyň kabul edilmegine aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistan BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyndaky merkezi ornuny goldamak bilen, ýüze çykýan howplara, hususan hem kiberhowpsuzlygyna hem-de onuň bilen bagly bolan halkara maglumat howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmegiň täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmegi ugrunda çykyş edýär, diýip belläp geçdi.

Şonuň ýaly-da takyk alnan sebit babatynda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy üçin esas goýan 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti» atly kararnamasynyň derwaýyslygyny hem belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginde BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde alyp baran işleriniň aýratyn netijeliligini nygtadylar.

Gepleşikleriň barşynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

Bu halkara forumyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde alnyp barylan halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy boýunça giň gerimli işleriň logiki jemlemesi boljakdygy bellenilip geçildi.