Türkmenistanda howa ýagdaýy: altyn güýz öz hukugyna eýe boldy

eye
2700
Türkmenistanda howa ýagdaýy: altyn güýz öz hukugyna eýe boldy

Oktýabryň başynda Türkmenistanyň paýtagtynda howa bulutly we salkyn boldy.

Eýsem-de bolsa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa gullugynyň çaklamalaryna görä, eýýäm duşenbeden, ýagny 11-nji oktýabrdan başlap, gündizine Aşgabatda howanyň temperaturasy + 19 ... +21 derejä çenli maýlady. Şol bir wagtyň özünde paýtagtyň töwereklerinde gijeler gaty salkyn boldy: + 4 ... + 6°.

13-nji oktýabrdan başlap, Aşgabatda amatly howa: gündiz +22 ... + 24°, gije +7 ... + 9° bolar.

Hepdäniň ahyryna çenli paýtagtymyzda temperaturanyň +28 derejä çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Az bulutly we gurak howa tutuş hepde dowam eder.

Ahal welaýatynda gije +5 ... + 10°, gündiz +20 ... + 25°, Änewde +22 ... + 24 °, Tejende +23 ... + 25° maýyl howa bolar.

Balkan welaýatynda gündogardan 8-13 m/s, käbir ýerlerde 15 m/s çenli tizlikde şemal öwsüp, bölek-bölek bulutly howanyň bolmagy çak edilýär. Gijesine howanyň temperaturasy +11 ... + 16°, gündizine +22 ... + 27°, kenarýaka etraplarynda gündiz +18 ... + 23° bolar.

Deňiz ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde-de howa maýlap, onuň temperaturasy +21 ... + 23° bolar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda termometriň simap sütüni +20 ... + 22°, Balkanabat şäherinde +24 ... + 26° görkezer.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolar, bu ýerde howa gije +4 ... + 9 °, gündizine +19 ... + 24° çenli maýlar. Maryda +22 ... + 24°, Baýramalyda +21 ... + 23° bolar.

Lebap welaýatynda howa gijesine +3 ... + 8°, gündizine +18 ...+23°; Türkmenabatda gündiz +20 ... + 22°, Kerkide +21 ... + 23° bolar.

Daşoguz welaýatynda gije +3 ... + 8°, gündizine +16 ... + 21°; Daşoguzda +19 ... + 21° maýyl howa bolar. Köneürgençde ortaça ýylylyk +17 ... + 19° bolar.

Bir akyldaryň sözünde aýdylyşy ýaly: «Oktýabrda günortana çenli güýz, günortandan soň gyşdyr», şonuň üçin güneşli we aýdyň güne garamazdan, pasla görä ýyly geýniň, gyzgyn çaý içiň we sagdyn boluň!

Taýýarlan: Swetlana Çirsowa