Ï «Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer

view-icon 12043
«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer
«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer
«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer
«Laçyn» seýilgähi – dynç alyşa amatly ýer

Çalt depginlerde gurulýan we keşbini özgerdýän Aşgabat häzirki wagtda sebitiň ýaşamaga amatly iri işewürlik merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açylan täze seýilgäh şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ajaýyp dynç alyş ýeri boldy. Uçup barýan laçyn şekilli «Laçyn» diýlip atlandyrylan täze seýilgäh halkara aeroportunyň golýaynda guruldy.

Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň we A. Nyýazow şaýolunyň özgeren bölegindäki ýerasty geçelgeleriň dördüsi bu ýeriň ilaty üçin goşmaça amatlyk döretdi. Indi ýolagçylar, aýratynam çagalar umumy meýdany 6270 inedördül metr täze geçelgelerden çagalar baglaryna we mekdeplere arkaýyn gatnap bilerler.

Geçelgeleriň içi-daşy milli äheňde bezelipdir. Şeýle hem olarda dükanlar, duralgalar bar.

10 gektar meýdany tutýan seýilgähde ýol amatlyklaryndan başga-da, Oguz hanyň ýyldyzy şekilli çüwdürimler toplumy, ajap yşykly howdanlar bar. Bagyň töwereginde oturdylan agaçlardyr dürli güller çüwdürimler bilen sazlaşyp, howany tämizleýär.

Agşamlaryna maşgalasy bilen seýilgählerde dynç almagy halaýan aşgabatlylaryň sany günsaýyn artýar.

«AA»-nyň habarçysy
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow