mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Merw - orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäher

view-icon 4651

Merw XII asyrda pajarlap ösen döwründe Aziýanyň iri şäherleriniň biri bolupdyr.1194-nji ýyla çenli ol günbatar Antaliýadan we Lewantdan gündogarda Hindiguşa, Merkezi Aziýadan günortada Pars aýalygyna çenli ummasyz ýeri eýelän Seljuklar soltanlygynyň gündogar paýtagy bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Merw ençe asyrlar gülläp ösüpdir, meşhur megapolis bolandan soň alys sebitlerdenem alymlardyr syýahatçylary özüne maýyl edipdir.

Bu ýerde tanymal orta asyr alymlarynyň ençemesi işläpdir. Olaryň arasynda «algebranyň atasy» Al-Horezmi, tanymal geografiýaçy Al-Fergani we başga-da köp alym bolupdyr.

Murgabyň aýagynda ýerleşmegi Merwiň pajarlap ösmegine we ösüşine ýardam edipdir. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iri dynç alyş ýerleriň biri bolupdyr. Täjirler hemişe bu ýerden Hytaýa gitmek üçin atdyr düýe satyn alypdyrlar.

XII asyrda Merwde we onuň töweregindäki jülgelerde ençeme akabalar hem köprüler bolupdyr. Şäheriň ajap miweli baglarynyň şöhraty dünýä dolupdyr. Uzynlygy 5 kilometre ýetýän diwarlarynda gözegçilik diňli mäkäm gala we esasy derwezeleriniň dördüsi bolupdyr. Şäheriň darajyk we egri köçelerindäki jaýlar bir-birine golaý gurlupdyr. Merwde metjitleriň, kitaphanalaryň, hammamlaryň ençemesi we iri mekdepleriň birnäçesi bolupdyr.

Beýik şahyr we alym Omar Haýýam (1048-1131ýý) birnäçe ýyl Merwiň obserwatoriýasynda işläpdir. Onuň we beýleki tanymal alymlaryň ýazgylaryna görä, şäherde iri kitaphanalaryň azyndan onusy bolupdyr, olaryň biri iri metjitde ýerleşip, onda dürli eserleriň 12 000-e golaýy bar ekeni.

Şeýle hem Merw iri önümçilik we söwda merkezi bolupdyr. Şäher derwezeleriniň golaýynda uly bazarlar, küýzegärçilik küreleri bar eken. Polat erediji peçlerde orta asyrlar dünýäsiniň ençeme döwletinde meşhur polat eredilipdir.

Mundan başga-da, şäher dokma önümçiligi bilenem şöhrat gazanypdyr. XII asyr arap geografiýaçysy al-Idrisiniň belleýşi ýaly, Merwde «ýüpek we merw pagtasy diýlip at alan ýokary hilli öte ýumşak pagta ýetişdirilipdir». Merw matasyndan taýýarlanan selleler tutuş Yslam dünýäsinde meşhur bolupdyr.

Merwiň ýene bir aýratynlygy – onuň töwreginde ilatly ýerler köp bolup, olar müň gektardan gowrak meýdany tutupdyr, beýleki gadymy şäherlerde bolsa täze oba könesiniň ýerinde gurlupdyr.

1999-njy ýylda «Gadymy Merw» taryhy-medeni goraghanasynyň gymmatly ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Roman Teplýakow