mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanda Bütindünýä el ýuwma güni bellendi

view-icon 4168

15-nji oktýabr – Bütindünýä el ýuwma güni. Bu gün dürli ýokanç kesellerden goranmagyň iň täsirli usuly hökmünde eliň sabyn bilen dogry ýuwulmagyna çagalaryň we ulularyň ünsüni çekmek üçin döredilendir. «Geljegimiz – elýeterde, öňe bile gideliň» şu ýylyň el ýuwma gününiň mowzugydyr.

Bu sene mynasybetli ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen bilelikde mekdep okuwçylary üçin interaktiw sapaklar guradylar. Bütindünýä el ýuwma gününiň wezipeleri bilen tanyşdyryp, çagalara el arassaçylygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler, eliň ýuwluşyny iş ýüzünde aýdyň görkezdiler.Sapaklaryň dowamynda elleri sabynlap ýuwmagyň dogry usulyny görkezýän okuw wideoşekilleri görkezildi.

* * *

El ýuwma boýunça Bütindünýä hyzmatdaşlygy tarapyndan döredilen Bütindünýä el ýuwma güni ilkinji gezek 2008-nji ýylda bellendi. Ol halkara, hususy, jemgyýetçilik guramalary we aýry-aýry şahsyýetler tarapyndan goldandy.

Aýjahan Ataballyýewa