Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berlişine görä, sebetleriň doly düzümi pleý-off oýunlaryň netijeleri esasynda döredilipdir, onda Kamboja we Indoneziýanyň milli ýygyndy toparlary Guam we Taýwan toparlaryny ýeňip, saýlawa gatnaşyjylaryň sanawyny doldurypdyr.
Şondan soň sebetleriň düzümi aşakdaky görnüşe eýe bolupdyr:
1-nji sebet: Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan
2-nji sebet: Täjigistan, Taýland, Filippinler, Kuweýt, Türkmenistan, Mýanma;
3-nji sebet: Hytaý Gonkongy, Ýemen, Owganystan, Malaýziýa, Maldiw adalary, Singapur;
4-nji sebet: Nepal, Mongoliýa, Indoneziýa, Bangladeş, Şri-Lanka, Kamboja.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ikinji sebetdäki Täjigistan, Taýland, Filippinler, Kuweýt we Mýanma toparlary bilen Aziýa Kubogy-2023-iň saýlaw ýaryşynda duşuşarlar.
Bije çekişliginiň netijesinde 24 topar alta bölüner, olaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji ýerleri eýelän iň gowy bäş topar 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.
Bilşiňiz ýaly, Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry bilen utgaşykly alnyp barlypdy. Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde dünýä çempionaty – 2022-niň jemleýji tapgyryna Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň, hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary gatnaşmaga mümkinçilik alypdylar. Bu ýygyndylar bilen Kataryň ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk gazandylar.
2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyny Hytaý Halk Respublikasy kabul eder. 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşy şäherleriň 10-synda (Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) guralar.
Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogynyň soňky tapgyryna iki gezek gatnaşdylar. Ilkinji gezek – 2004-nji ýylda, ýaryş Hytaýda geçende, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylda – Birleşen Arap Emirliklerinde.
«AA»-nyň habarçysy