Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 2628

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Azerbaýjanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de häzirki wagtda dürli pudaklarda okgunly ösüşiň dowam edýändigini belleýär.

“Biz Türkmenistanda Siziň parasatly baştutanlygyňyzda doganlyk Azerbaýjanyň ýeten sepgitlerine begenýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki halkyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Geýdar ogluna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.